Müňe golaý türkmenistanly Stambulyň aeroportyna jemlenip, ýurduna ugradylmagyny talap edýär 

Müňe golaý türkmenistanly Stambulyň aeroportyna jemlenip, ýurduna ugradylmagyny talap edýär 

17-nji iýulda Stambulyň aeroportunda Türkmenistanyň raýatlarynyň müňe golaýy ýygnandy we ýurduna ugradylmagyny talap edip, nägilelik bildirdi. Bu gün irden Stambuldan Türkmenistana hökümet tarapyndan guramalaşdyrylan çarter reýsi ugrady. Günüň dowamynda adatdakysyndan tapawutlylykda Stambuldan Türkmenistana ikinji uçar hem ugrady.

Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky habarçysynyň sözlerine görä, iren ugraýan çarter uçaryna münmek tamasy bilen baran adamlaryň sany bu sapar ozalkylaryndan ençeme esse köp bolup, adamlar köpçülik bolup, ýurduna ugradylmagyny talap edipdir. Uçarda ýer tapmadyk köplük arasynda nägilelik döräpdir we dawa turupdyr.

Stambuldaky çäşmeler aeroporta jemlenen türkmen raýatlarynyň öz arasynda düzen sanawlarynda 900-den gowrak adamyň bardygyny aýdýarlar.

Pandemiýanyň başynda halkara uçar gatnawyny ýatyran Türkmenistanyň hökümeti Türkiýä gatnawyny henizem dikeltmedi. Hökümet tarapyndan guramalaşdyrylýan seýrek çarter uçarlary Türkiýeden Türkmenistana gitmek üçin ýeke-täk mümkinçilik bolup durýar. Uçara Türkmenistanyň Konsullygynyň düzýän sanawy esasynda münüp bolýar. Sanawa azyndan müňlerçe adam ýazylyp, watanyna gitmek mümkinçiligine garaşýar.

Türkiýeden Türkmenistana ortaça hepdede bir gezek guramalaşdyrylýan uçarlar talaby kanagatlandyrmaýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, aeroporta ýygnanan Türkmenistanlylaryň basyşy astynda günüň dowamynda Türkmenistan tarapyndan ýene bir uçar ugradylyp, ol öýlän sagat 1 töweregi Stambula barypdyr.

"Flight radar" saýtynyň maglumatyna görä, 17-nji iýulda öýlän sagat 15:29-da "Türkmenhowaýollarynyň" Boing-737 kysymly uçary Stambuldan gaýdypdyr. Emma onuň barjak ýeri maglumatda görkezilmändir.

Bu ýagdaýlar barada türkmen resmilerinden maglumat alyp bolmady.

Stambuldaky türkmen aktiwistlerine görä, aeroportdaky adamlaryň 100-den gowragy eýýäm iki aý bäri howa menzilinde bolup, öz ýurduna uçar gatnawynyň ýola goýulmagyna garaşýarlar.

Türkmen hökümeti ýaňy-ýakynda halkara uçar gatnawyny dikeldip başlady. Türkmenistandan 30-njy maýdan Dubaýa, 1-nji iýundan Gazana we 1-nji iýulda Moskwa adaty uçar gatnap başlady. Bu aralykda türkmen hökümeti beýleki ýurtlara adaty uçar gatnawyny dikeltmek planyny mälim etdi, emma tank sene görkezmedi.

Türkiýe türkmen raýatlarynyň iň köplük bolup ýaşaýan ýurdy. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň resmi sanlaryna görä, ýurtda 200 müňden gowrak türkmenistanly kanun esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, hakyk san birnäçe esse köp bolup, türkmenleriň köpüsi illegal ýaşaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

100-den gowrak türkmenistanly heniz-de Stambulyň aeroportunda garaşýar
Uçarda doglan çaga haýsy ýurduň raýaty bolar?
Has uzak aralyga uçar
Russiýadan Türkmenistana ýene iki sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar
Gorky nädip döreýär?
Uçarda hödür edilýän tagamlar satuwa çykaryldy