Howpsuzlyk çeşmeleri, Sadi Kaddafi bilen Mammar Kaddafiniň şahsy sekertar wezipesini ýerine ýetiren Ahmed Ramazanyň Tripolide tussaglykda saklanan tussaghanasyndan azat edilendigini habar berdiler.
Howpsuzlyk çeşmeleri Sadiniň Liwiýanyň Baş Prokuraturasynyň kararynyň we ýurdyň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbeniň tassyklamagy esasynda azat edilendigini mälim etdiler.
Sadi Kaddafiniň ýörite uçar bilen Türkiýä tarap ýola çykandygy aýan edildi.
Kakkasy Kaddafi zamanynda ýurdyň sport ugrunda ygtyýary bolan Sadi, şol bir wagtyň özünde Liwiýanyň milli futbol ýygyndysynda oýnaýardy.
Sadi Kaddafi, 2011-nji ýylda kakasy häkimiýet başyndan agdarylanyndan soň Niger döwletine gaçypdy, emma 2014-nji ýylda Liwiýanyň resmileriniň başlangyçlary netijesinde, Liwiýanyň Futbol federasiýasynyň başlygy döwründe öz haýryna pul geçirmek aýyplamasy sebäpli Liwiýa getirilipdi.
Beýleki tarapdan Liwiýanyň Premýer ministri Abdylhamid Dibeýbe, sosial media hasabyndan beren beýanatynda Sadi Kaddafiniň azat edilendigini tassyklady.