MTV Ýewropa aýdym-saz baýraklarynyň dalaşgärleri

Dünýä belli MTV aýdym-saz teleýaýlymy bu ýylyň Ýewropa aýdym-saz baýraklarynyň dalaşgärleriniň sanawyny äşgär etdi. 1994-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän MTV Ýewropa aýdym-saz baýraklarynyň bu ýylkysynda Teýlor Swift bilen Şawn Mendes iň köp ugurda dalaşgär görkezilen aýdymçylar boldy.

Amerikaly zenan aýdymçy Swift 6, Mendes bolsa, 5 ugurdan dalaşgärlige hödürlendi.Maýli Saýrus, Kendrik Lamar, Ed Şiran, Ariana Grande, Jastin Biber hem-de Keýti Perri ýaly meşhur aýdymçylar hem dürli ugurlardan dalaşgär görkezildi.

Iň gowy aýdym ugrunda Klin Banditiň “Rockabye”, DJ Halediň “Wild Thoughts”, Ed Şiranyň “Shape of You”, Luis Fonsiniň “Despacito”, Şawn Mendesiň “There’s Nothing Holdin’ Me Back” aýdymlary dalaşgär diýlip bellendi. “Foo Fighters”-iň “Run”, Keýti Perriniň “Bon Appetit”, Kendrik Lamaryň “Humble”, Kaýleniň “iSpy” hem-de Teýlor Swiftiň “Look What You Made Me Do” atly şekilli aýdymlary-da iň gowy wideo baýragy ugrunda bäsleşerler.

Iň gowy aýdymçy diýlen ugurda-da Ariana Grande, Ed Şiran, Kendrik Lamar, Maýli Saýrus, Şawn Mendes hem-de Teýlor Swift dalaşgär görkezildi.Iň gowy täze aýdymçy baýragyny-da Dua Lipa, Julia Mikaels, Halid, Kaýli, Rag’n’Bone dagynyň haýsy hem bolsa biri alar. 24-nji MTV Ýewropa aýdym-saz baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 12-nji noýabrda Londondaky “Wembli” stadionynda geçiriler.

Dabarany meşhur aýdymçy Rita Ora alyp barar.

Ýene degişli makalalar

MTV Ýewropa baýraklarynyň ýeňijisi Şawn Mendes
Dreýk Adeliň rekordyny täzeledi
35-nji “MTV Video” aýdym-saz baýraklarynyň ýeňijileri
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Berdimuhamedow Pakistanda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Pakistanda bolup geçen ýertitremede azyndan 20 adam aradan çykdy