MTS we Türkmenistan Halkara arbitražynda arbitrini kesgitledi

Türkmenistan 23-nji noýabrda Orsýetiň MTS mobil telefon operatory bilen Türkmenistanyň arasyndaky seljerişlige gatnaşjak arbitry ylalaşdy. Ol ABŞ-nyň wekili Jon Taunsend bolar. Bu barada РАПСИ neşiri habar berdi.

Biraz öň, oktýabrda MTS tarapyndan teklip edilen arbitr barada ylalaşyldy, ol şweýsariýaly Paola Mişel Patokki boldy.

Halkara söwda palatasynyň saýtynyň maglumatyna görä, tribunal üç arbitrden ybarat bolýar, olaryň ikisi taraplar tarapyndan teklip edilýär, tribunalyň prezidenti bolsa garaşsyz gurama ýa-da bellenen arbitrler tarapyndan kesgitlenilýär.

Ýatladýarys, “MTS-Türkmenistan” öz işini 2017-nji ýylyň sentýab aýynyň aýagynda, Türkmenistan ýygylyklary ulanmak ygtyýarnamasynyň möhletini uzaltmakdan boýun gaçyrandan soň bes etdi.

MTS 2018-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň üstünden şikaýat edip, maýa ýatyrym jedellerini çözýän Halkara merkeze ýüz tutdy.

Operator öz ýitgisini $750 million diýip kesgitledi.Türkmen tarapy hem öz gezeginde MTS-i psihologiki basyş görkezmekde aýyplady.

Ýene degişli makalalar

MTS Türkmenistany suda berýär. Kompaniýanyň çeken zyýany $750 mln
Türkmenistanyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary öýjükli telefon aragatnaşygynyň bolmazlygyndan zeýrenýärler
“MTS-Türkmenistan” goş-golamyny ýygnap, Türkmenistandan çykýar
“MTS-Türkmenistan” emlägini satmagy dowam etdirýär
Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar