MTS Türkmenistany suda berýär. Kompaniýanyň çeken zyýany $750 mln

Orsýetiň mobil operatory MTS “MTS-Türkmenistan” kärhanasynyň işini togtatmaga mejbur edilendigi üçin Türkmenistanyň üstünden inwestisiýa dawalaryna seredýän halkara merkezine ýüz tutdy.

“Интерфакс” habar gullugynyň maglumatyna görä, MTS-iň çeken umumy zyýany entek gutarnykly kesgitlenmedi. Emma, maddy ýitgi deslapky hasaplamalara görä, pesinden $750 mln diýlip bilinýär.

“MTS hasaplamalaryna görä,Türkmenistan döwleti özüniň daşary ýurt maýadary hökmünde Orsýet Federasiýasy bilen Türkmenistan Respublikasynyň arasynda 2009-njy ýylyň 25-nji martynda inwestisiýalary özara goramak barada baglaşylan ylalaşyk esasynda berkidilen hukugyny bozdy we netijede bu MTS-iň Türkmenistandaky maýasynyň doly ýitirilmegine getirdi” diýip, kompaniýanyň metbugat üçin ýaýradan beýanatyny agentlik sitirleýär.

Dawany gepleşikler arkaly çözmek synanyşyklary netije bermedi. MTS alty gowrak mundan ozal türkmen tarapyna, eger-de taraplar ylalaşyga gelmese, suda ýüz tutmaly boljakdygyny duýdurdy.

Ýatladýarys, “MTS’Türkmenistan” öýjükli aragatnaşyk operatory öz işini 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň aýagynda togtatdy. Türkmenistan ýygylyklary ulanmak baradaky lisenziýany uzaltmakdan boýun gaçyrdy. Operatoryň işiniň ýapylan wagtynda onuň 1,7 million abunaçysy bardy.

2017-nji ýylyň noýabrynda “MTS-Türkmenistanyň” 2017-nji ýylyň üçünji çärýeginde işiniň togtadylmagy zerarly 1,1 mlrd rubl ($18,5 mln) zyýan çekendigi habar berildi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” 2018-nji ýylyň iýunynda “MTS-Türkmenistanyň” öz emlägini ozal ulanylan sowadyjylaryny, transformator stansiýalaryny satýandygyny habar berdi.

26-njy uýulda kompaniýanyň saýtynda ýene ulanylan sowadyjylaryň satylýandygy barada bildiriş peýda boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary öýjükli telefon aragatnaşygynyň bolmazlygyndan zeýrenýärler
MTS we Türkmenistan Halkara arbitražynda arbitrini kesgitledi
“MTS-Türkmenistan” goş-golamyny ýygnap, Türkmenistandan çykýar
“MTS-Türkmenistan” emlägini satmagy dowam etdirýär
Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Seulda geçirilen çärä gatnaşdy