Russiýanyň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanda alyp barýan işi boýunça lisenziýasynyň möhletini gaýtadan uzaltmak barada gepleşikleri amala aşyrýar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.
Ýatladyp geçsek, geçen aýda Azatlyk Radiosy “MTS-Türkmenistan” kompaniýasynyň öz lisenziýasynyň möhletini uzaltmak barada, türkmen hökümeti bilen geçirýän gepleşiklerinden häzire çenli anyk bir netije alyp bilmändigini we bu mobil operatorynyň ýurtdaky işini ýene bir gezek togtatmak bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar beripdi.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligindäki biri-birinden garaşsyz iki çeşmäniň tassyklamagyna görä, türkmen tarapy “Aý Nazar” atly täze mobil aragatnaşyk operatorynyň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmegi baradaky ylalaşygy teklip edipdir.
“[Türkmenistanyň] Aragatnaşyk ministrligi bilen MTS-iň täze ylalaşygy baglaşmaga örän golaýlandygy mälim boldy.Bu ylalaşyk MTS-iň ýurtda öz hyzmatlaryny amala aşyrmak baradaky lisenziýasynyň uzaldylmagyny öz içine alýar.
Bu ylalaşygyň resmi däl tarapy bolsa, “Aý Nazar” kompaniýasynyň MTS-iň tehniki bazasyny ulanmagyna rugsat berilmegini öz içine alýar. Şuňa meňzeş ylalaşyk, ýagny MTS-iň tehniki bazasyny ulanmak tejribesi “Altyn Asyr” milli mobil operatory bilen baglanyşykly hem amala aşyrylypdy” diýip, adynyň anonim galmagy şerti bilen maglumat beren Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Ol başga kompaniýanyň bazasyna esaslanyp, mobil operatoryň infrastrukturasyny döretmek ýaly şuňa meňzeş tejribäniň beýleki döwletlerde hem badygyny, ýöne başga ýurtlarda bu çäräniň bazar prinsiplerine görä amal edilýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Şeýle-de, ol türkmen hökümetiniň “Altyn Asyr” döwlet kompaniýasyndaky ýaly 3G standart görnüşindäki hyzmatyň lisenziýasyny häzire çenli MTS-e bermegi ret edip gelýändigini nazara alanymyzda, bu ylalaşygyň MTS-iň öz işini hil taýdan ösdürmegine näderejede mümkinçilik döretjekdiginiň nämälim bolmagynda galýandygyny hem aýtdy.
Azatlyk Radiosy gürrüňi edilýän täze ylalaşyk dogrusynda maglumat almak üçin, Russiýanyň MTS kompaniýasynyň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow bilen habarlaşanda, ol bu barada rus kärhanasynyň öňki pozisiýasyny saklaýandygyny aýdyp, haýsydyr bir kommentariý bermekden saklandy.
Türkmen häkimiýetleri MTS-iň ýurtda alyp barýan işini resmi taýdan bes edýändigi ýa-da etmeýändigi barada henize çenli resmi beýanat bilen çykyş etmän gelýärler.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, geçen aýyň aýagyna Aşgabatda we ýurduň beýleki welaýatlarynda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatory öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegi bes etdi. Şondan bäri “MTS-Türkmenistanyň” umuman telefon aragatnaşygy işlese-de, onuň mobil hyzmat nokatlaryndaky funksiýalaryndan peýdalanyp bolmaýar.
Bu waka Azatlygyň “MTS-Türkmenistan” we “TürkmenTelekom” kompaniýalaryndaky çeşmeleri MTS-iň işgärlerine başga iş gözlemegiň maslahat berlendigi barada habar bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.
“MTS-Türkmenistan” hojalyk jemgyýeti bilen Türkmenistanyň döwlet kärhanasy bolan “TürkmenTelekomyň" arasyndaky 5 ýyllyk iş şertnamasyna 2012-nji ýylda gol çekildi we şonda belli bir şertleriň ýerine ýetirilmegi bilen bu ylalaşygyň ýene 5 ýyla çenli uzaldylyp bilinjekdigi aýdyldy.
Emma Azatlygyň çeşmeleri, şol sanda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň käbir resmisi, hökümetiň ýokary gatlaklaryna ýakyn durýan adamlaryň döredýän täze mobil telefon aragatnaşyk ulgamyna has artykmaç şert döretmek üçin, rus kompaniýasynyň lisenziýasynyň uzaldylmajagyny iýunyň ortalarynda habar berdiler.
Munuň yz ýany, ýagny 23-ýunda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow Türkmenistanda ýakyn wagtda “Aý Nazar” atly täze öýjükli aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegiň planlaşdyrylýandygyny yglan etdi.
Türkmen mediasynda bu täze aragatnaşyk ulgamynyň “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde döredilýändigini habar berilse-de, Azatlygyň ýurt içindäki biri-birinden garaşsyz üç çeşmesi bu mobil aragatnaşyk operatorynyň prezident Berdimuhamedowyň ýakyn garyndaşlarynyň, ýagny onuň giýewi Nazar Rejepowyň eýeçiligindedigini tassyklaýarlar.
Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, MTS kärhanasynyň Türkmenistandaky lisenziýa möhleti 2010-njy ýylyň dekabr aýynda hem uzaldylmandy. MTS 2011-nji ýylyň başynda Türkmenistandan çekilende, 600 million dollar zyýan çekýändigini, şeýle-de türkmen hökümetini suda berendigini yglan etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şonda MTS-iň çekdim” diýýän zyýanynyň öweziniň dolunmajakdygyny aýtdy.