“MTS-Türkmenistan” goş-golamyny ýygnap, Türkmenistandan çykýar

Orsýetiň “MTS-Türkmenistan” mobil operatory Aşgabatdaky enjamlaryny we binýatlyk stansiýalaryny söküp, Türkmenistandan ymykly çykýar. Bu barada “IntelliNews” neşiri habar berýär.

Ýatladýarys, “MTS-Türkmenistan” operatory öz işini 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň aýagynda, Türkmenistan ýygylyklary ulanmak baradaky ygtyýarnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwrenden soňra togtatdy.

“IntelliNews” neşiriniň maglumatyna görä, türkmen tarapy ýene bir gezek MTS-iň girdejisinden berýän töleglerini ardyrrmagyny talap etdi.

2012-nji ýylda gol çekilen şertnama laýyklykda, salgytlardan başga, rus operatory göni bäsdeşi bolan “Türkmentelekoma” aýda öz girdejisiniň 30 prosentini tölemäge razy boldy.

MTS 2018-nji ýylyň iýulynda Inwestisiýa dawalaryny çözýän Halkara merkeze Türkmenistanyň üstünden şikaýat etdi.

Operator öz çeken zyýanyny $750 mln möçberinde kesgitledi.Türkmen tarapy muňa jogap edip, MTS-i psihologiki basyş görkezmekde aýyplady.

2018-nji ýylyň noýabrynda MTS bilen Türkmenistanyň Halkara arbitražyndaky arbitrlerini kesgitländikleri belli boldy.

Ýene degişli makalalar

MTS Türkmenistany suda berýär. Kompaniýanyň çeken zyýany $750 mln
Türkmenistanyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary öýjükli telefon aragatnaşygynyň bolmazlygyndan zeýrenýärler
MTS we Türkmenistan Halkara arbitražynda arbitrini kesgitledi
“MTS-Türkmenistan” emlägini satmagy dowam etdirýär
Intellinews: MTS Türkmenistandaky goşlaryny ýygnap, ýurtdan çykýar
Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar