Öýjükli mobil operatory “MTS-Türkmenistan” ozal ulanyşda bolan ofis mebellerini satmagy dowam etdirýär. Bu baradaky bildiriş kompaniýanyň saýtynda çap edildi.
Ýatladýarys, MTS 2018-nji ýylyň dowamynda b/u kondisionerlerini we transformator podstansiýalaryny satdy.
Öýjükli mobil operatory “MTS-Türkmenistan” öz işini 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň aýagynda bes etdi. Türkmenistan ýygylyklary ulanmaga beren ygtyýarnamasynyň möhletini uzaltmakdan boýun gaçyrdy. Ýapylan wagtynda operatoryň 1,7 mln abunaçysy bardy.
2018-nji ýylyň iýulynda MTS maýa ýatyrym dawalaryny çözýän Halkara merkeze Türkmenistanyň üstünden şikaýat bilen ýüz tutdy.
Operator öz çeken zyýanynyň möçberini $750 mln diýip görkezdi.Türkmen tarapy muňa jogap edip, MTS-i psihologiki basyş görkezmekde aýyplady.
2019-njy ýylyň ýanwarynda rus kompaniýasynyň öz Aşgabatdaky desgalaryny we esasy stansiýalaryny sökýändigi hem-de Türkmenistanda gutarnykly çykýandygy habar berildi.