MTS bilen bagly dawada Türkmenistany gorap çykyş etjek aklawçy kesgitlendi

MTS bilen bagly dawada Türkmenistany gorap çykyş etjek aklawçy kesgitlendi

MTS bilen bagly dawada Türkmenistany Inwestisiýa dawalaryny çözmek baradaky halkara merkezinde (ICSID) aklawçy Miriam Harwood gorap çykyş eder diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri “biglawbusiness.com” websaýtyna salgylanyp habar berýär.Neşriň 6-njy aprelde beren maglumatyna görä, Inwestisiýa dawalaryny çözmek baradaky halkara merkezinde Türkmenistana garşy bäş sany arza hasaba alyndy we olaryň ählisinde-de Harwood Türkmenistany gorap çykyş eder. ​“Arzalaryň hatarynda Russiýanyň MTS mobil operatory tarapyndan gozgalan arza hem bar.

MTS türkmen tarapy ýygylyklary ulanmak baradaky lisenziýanyň möhletini uzaltmagy ret edensoň, Türkmenistandan 750 million amerikan dollary möçberinde kompensasiýa talap edýär” diýlip, habarda aýdylýar. Şeýle-de, Inwestisiýa dawalaryny çözmek baradaky halkara merkezinde hasbaa alnan arzalaryň hatarynda, Germaniýanyň “Unionmatex Industrieanlagen GmbH” kompaniýasy Türkmenistandan 32 million ýewro hem-de onuň prosentlerini talap edýär. Şeýle-de, Türkiýäniň “SECE İnşaat ve Ticaret A.Ş.”, “Lotus Holding Anonim Şirketi” we “Muhammet Ҫap & Bankrupt Sehil Inşaat Endustri ve Ticaret Ltd.

Sti” kompaniýalarynyň arzalary bar.MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda kesilipdi. Şol gün MTS-iň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Aşgabadyň zerur bolan käbir rugsatnamalaryň möhletini uzaltmandygyny aýtdy. 2018-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Russiýanyň MTS kompaniýasy Türkmenistanyň üstünden halkara arbitraž edarasyna şikaýat bilen ýüz tutdy. 23-nji noýabrda Türkmenistan we Orsýetiň MTS telefon operatory halkara arbitražda öz dawalaryny çözmäge gatnaşjak arbirtrini, ýagny araçylaryny kesgitledi.

Russiýanyň MTS Mobile TeleSystems mobil telefon aragatnaşyk kompaniýasy özüniň Türkmenistandaky emläklerini we gurallaryny söküp, ýurtdan çykyp başlady.Bu barada “Intellinews” neşiri habar berýär.Düýbi Londonda ýerleşýän neşiriň MTS kompaniýasyndaky anonim çeşmelerine salgylanyp, 2-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, kompaniýanyň dawany çözmek üçin gepleşikler geçirmek tagallalaryna ne türkmen hökümeti, ne-de oňa degişli organlar oňyn gaýtawul beripdir.

Russiýanyň iň uly üç mobil telefon operatorlarynyň biri hasaplanýan MTS kompaniýasy 2005-nji ýylda Türkmenistanda öz hyzmatlaryny hödürläp başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Intellinews: MTS Türkmenistandaky goşlaryny ýygnap, ýurtdan çykýar
Türkmenistan MTS-iň şikaýatlaryndan gorajak aklawçysyny kesgitledi
Talabyň köpelmegi netijesinde Aşgabat-Almaty uçar gatnawy ýygjamlaşdyrylýar
Hudaýberdi Orazow: Dolandyryş meselesi çözülmese, ykdysady krizisi ýeňmek başartmaz
N.Hanamow: Türkmenistan un, çörek gytçylygyndan çykmak üçin Hytaýyň oba hojalyk tejribelerini ulanmaly
Berdimuhamedow işe girizilmeli wagty yza çeken Owadandepedäki benzin zawodynda işleriň barşy bilen tanyşdy