Mozambik oktýabrda Ýewropa suwuklandyrylan gaz eltmekçi

Mozambik oktýabrda Ýewropa suwuklandyrylan gaz eltmekçi

Mozambik Ýewropa şu aýyň aýagynda - noýabryň başynda suwuklandyrylan gazyň (STG) ilkinji tapgyryny ýerlemekçi. Bu barada düýn — annada Reuters habarlar gullugy Mozambigiň Milli nebit institutynyň beýanatyna salgylanyp habar berdi diýip, Trend ýazýar.

British Petroleum (BP) energetika kompaniýasynyň suwuklandyrylan gaz daşaýjy tankeri Mozambigiň Hindi ummanynyň demirgazyk kenarýakasyndaky Coral Sul ýüzýän meýdançasyna bardy, bu ýerde gazyň çykarylyşy we suwuklandyrylmasy amala aşyrylýar. BP ady tutulan meýdançada STG-niň ýyllyk öndürilýän 3,4 million tonnasyny satyn almak babatda geleşik baglaşdy.

STG-nyň önümçiligi bu ýurduň demirgazygyndaky Rowum etrabynda amala aşyrylýar, etrap Hindi ummanyň Afrika ýalpaklygyndaky iri gaz ýatagydyr. Gazy çykarmak, suwuklandyrmak we eksporta taýyn etmek boýunça taslama 20 milliard dollar bahalanýar we ol Mozambigiň ykdysadyýeti üçin bähbitli bolar diýlip garaşylýar.

Bütindünýä Bankynyň çaklamalaryna görä, Mozambigiň ykdysady ösüşi 2022-2024-nji ýyllarda 5,7 göterime ýetip biler.

Ýene degişli makalalar

14 ýyldaky iň ýokary girdejisi
Maryda benzin gytçylygy emele geldi
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Lebapda dizel ýangyjy ýok. Ýangyç beketlerindäki nobatda daşary ýurt awtoulaglary hem bar
Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga gaz iberer
Maryda A-95 kysymly awtoulag benzininiň gytçylygy dowam edýär