“Buxus” şereketi elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedi tanyşdyrdy. “Buxus Eva” atly welosiped kiçiräk motora meňzeş bolup, daşky şekiliniň owadanlygy bilen tapawutlanýar.Kuwwaty 750W elektrik motory bilen üpjün edilen iki tigirli ulagyň ýokary tizligi 48 km/sagada barabar.
Bir gezekki zarýady bilen 100 kilometr ýol geçip bilýän ulag gidrawlik togtadyjy bilen üpjün edilipdir.Ulag eSIM bilen üpjün edilip, uzakdan gözegçilik edilip bilinýär. Şeýle hem ulagyň öň tarapyndan mobil enjam ýerleşdirmek üçin ýer goýlupdyr. Şeýlelikde ulag bilen bagly ähli maglumatlary şol ýere goýlan telefon arkaly görüp bolýar.
Ýagtylandyryjy çyralar ulagyň gijesine hem sürülmegine mümkinçilik berýär. Bahasy 1600 dollar boljak ulag 2023-nji ýylyň aprelinden başlap müşderilere ýetiriler.
Wepa Ýazberdiýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.