Motor ýagynyň aşa köp sarp edilmegine getirýän ýalňyşlyklar

Motor ýagynyň aşa köp sarp edilmegine getirýän ýalňyşlyklar

Könelendigi görnüp duran hereketlendiriji köp ýag içegen bolýar, ýöne bu ýagdaý kähalatlarda hatda täze hereketlendirijilerde-de ýüze çykyp bilýär. Munuň sebäpleri hakynda car.ru gürrüň berýär.

Täze hereketlendirijiler öndüriji tarapyndan ozaldan kesgitlenen möçberde hereket edýärler we şoňa görä-de motor ýagyny sarp edýärler.Turbinanyň barlygyna, ýangyjyň görnüşine we işleýiş şertlerine baglylykda, ýakylan 100 litr ýangyja 5-100 gram ýag sarp edilýär diýip bolar.

Mundan başga-da, hereketlendiriji sürüjiniň nädogry hereketleri sebäpli hem köp ýag talap edip biler.Mysal üçin, nädogry ýa-da galp ýangyç ulanylsa.Gereginden artyk ýangyç guýmak hem artykmaç ýagyň sarp edilmegine sebäp bolup biler.

Artykmaç ýük basmak, ýokary tizlikde sürmek, tirkeg çekmek, güýçli agram, ýolsuz şertler we ýaramaz howa - bularyň bary ýagyň sarp edilişine ýaramaz täsir edýär. Ýagyň artykmaç sarp edilmegi bilen porşenler könelip biler, karter şemalladyş ulgamynyň döwülmegi ýa-da çalgy ýagynyň syzmagy mümkin.

Eger-de awtoulag ýag syzdyrmaýan bolsa, käbir tilsimler onuň sarp edilişini azaltmaga kömek eder.Mysal üçin, goýy ýag guýup bolar, ýöne gaty arzan ýa-da öte näbelet önümiňi ulanmaly däl diýip, car.ru belleýär.

Ýene degişli makalalar

Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri
Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…
Yzygiderli elektrik kesilmeleriniň arasynda, häkimiýetler tygşytlylyk talaplaryny güýçlendirýär
Bedeni gyş paslyna taýýarlamagyň usullary
Ajy Burç
Ysraýyl Gazadaky Ýok Ediş Urşuny 3 Aýdan Bäri Dowam Erdirýär
Galyndylaryň öňüni almak özüňize bagly