Moto GP-niň 71-nji möwsümi

Dünýäniň iň köp tomaşaçyly sport görnüşleriniň biri bolan Moto GP ýaryşlarynyň täze möwsümine ertir badalga berler. 71-nji möwsümi bolan Moto GP-de şu ýyl 19 “Gran Pri” geçiriler.

Ilkinji ýaryş Katarda geçirilip, möwsüm 17-nji noýabrda Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde jemlener.Jemi 11 topar bolup, olary 6 sany konstruktor “Ducati”, “Aprilia”, “Honda”, KTM, “Suzuki” hem-de “Yamaha” kompaniýalary motosikl bilen üpjün eder.

Jemi 22 sürüji özara bäsleşip, çempionlygyň esasy dalaşgärleri hökmünde “Repsol Hondanyň” ispan sürüjileri — soňky çempion Mark Markesi hem-de Horge Lorenzony, “Ducati” toparyndan geçen möwsümiň ikinjisi, italiýaly Andrea Dowiziosony, başga bir italiýaly sürüji, ady rowaýata öwrülen Walentino Rossini (“Yamaha) hem-de onuň topardaşy Mawerik Winýalesi (Ispaniýa) görkezmek bolar.

Ýene degişli makalalar

Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, sanawyň lideri üýtgedi
1-nji orna çykaran ýeňiş
Täze çempion
Sanawyň lideriniň möwsümdäki 6-njy ýeňşi
Birinji orna çykaran ýeňiş
Täze çempion