“Moskwiç” gaýtadan öndüriler

Fransiýanyň “Renault” kompaniýasy Russiýadaky emläklerini rus hökümetine satandygyny mälim etdi.Fransuz kompaniýasy “Avtovaz” bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Moskwadaky zawodda hem önüm öndürýärdi.Iki kompaniýanyň hyzmatdaşlygy togtadylmagy bilen bu ýerde täze önümçiligiň ýola goýulmagy maksat edinilýär.

Moskwanyň meri Sergeý Sobýanin “Renault”-yň paýtagtdaky maşyn zawodynyň uzak geçmişiniň bardygyny belläp, bu ýerde “Moskwiç” önümçiligini ýola goýmak üçin gaýtadan gurnaljakdygyny aýtdy. 20 ýyl ozal “Moskwiç” önümçiligi ýatyrylypdy.

Sobýanin zawodda ilkinji nobatda adaty ýangyçly ulaglaryň öndüriljekdigini, soňlugy bilen elektroulag önümçiliginiň ýola goýuljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Sobýanin “Kamaz”-yň hem bu desganyň esasy tehnologiýa hyzmatdaşy boljakdygyny mälim etdi.

Moskwaly diýmegi aňladýan “Moskwiç” maşynlary geçen asyryň ortalarynda öndürilip başlanýar. 1946-njy ýylda Germaniýanyň Branderburg şäherinde “Moskvitch-400” atly ulagyň önümçiligi ýola goýulýar.Bu ulag “Opel Kadett” modeliniň bazasynda döredilýär.

Kiçi göwrümli, çydamly edilip öndürilen bu ulaglaryň ondan soňky nusgasy Moskwadaky zawodda öndürilip başlanýar. 1956-njy ýylda bolsa, “moskwiç” diýlende köpleriň göz öňüne gelýän ilkinji nusgasy taýýar edilýär.Bu ulaglar ozalky Sowet Soýuzy bilen bir hatarda Gündogar Ýewropa ýurtlarynda we Kubada has köp satylýar. Şeýle hem, Norwegiýa we Günbatar Ýewropa ýurtlarynda hem satylýar.

Ulagyň käbir şaý-sepleri Germaniýada öndürilýär.

Ulagyň dizaýny taýýarlananda, “Hillman Minx”, “FIAT 1100”, “Ford Prefect 100E”, “Jowett Javelin” we “Ford Consul Mk1” ýaly dürli modeldäki ulaglardan peýdalanylýar. Şeýle hem, ilkinji nusgasy “Ford Model B” ulagynyň bazasynda döredilen “GAZ-21”-den nusga alynýar. 1967-nji ýylda öndürilen “Moskwiçleriň” sany bir milliona ýetýär. 1980-nji ýyllardan soňra bu ulagyň täze nusgalary peýda bolýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar
Geely Renault-nyň şärikdeşi bolup biler
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
“KAMAZ” Daşoguz welaýatynda tehniki hyzmat merkezini açmagy meýilleşdirýär
Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmakçy
Aşgabatda tennis boýunça sebitleýin ýaşlar ýaryşy geçiriler, KAMAZ Daşoguzda hyzmat ediş merkezini açar, Arkadag şäherinde gyssagly kömek gullugy hereket eder we beýleki habarlar