29-njy dekabrda Moskwanyň şäher kazyýeti “Halkara Memorialdan” soňra adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezini hem ýapmak barasynda karar kabul etdi.
Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Suduň kararyna şikaýat ediler.
Soňra Interfaksyň beren habaryna görä, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýeti Russiýa Federasiýasynyň häkimiýetlerinden “Memorialy” ýapmagyny togtatmaga çagyrdy. Çünki,ÝAHK 11NKO arza şol sanda, “Memorialyň” “daşary ýurt agentler” barada 2013-nji ýylda beren arzasyna seredýär.
Bir hepde mundan öň Moskwanyň şäher sudy “Memoriala” salynan 300 müň rubla deň jerimäni güýjünde galdyrmak kararyna gelipdi.
2021-nji ýylyň oktiýabrynda Moskwanyň Twer etrap kazyýeti Merkezi Aziýada adam hukuklary baradaky “Memorial” maksatnamasynyň başlygy Witaliý Ponomarýowyň DIM-niň kabul edişligine ýollan elektron ýüzlenmesinde “daşary ýurt agenti” belliginiň ýokdygy üçin 300 müň rubl jerime salypdy.
Adam hukuklary boýunça birnäçe guramanyň ýüzlenmesinde internete goýýan çykyşlary üçin watanynda yzarlanýan türkmen bloggeri Rozymyrat Çöliýewe syýasy baş pena bermäge rus häkimiýetlerini çagyrypdylar.
_______________________________
“Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” Türkmenistanda kiçi emma,inisiatiwaly we işjeň adam hukuklary jemgyýetiniň döremeginde we ösmeginde aýgytly rol oýnan ynsan hukuklary “Memorial”merkezine raýdaşlygyny bildirýär.
Biz ýurdymyzda adam hukuklaryny goramak üçin Türkmenistanyň içinde we daşynda gymmatyny ölçäp bolmajak kömegi üçin “Memoriala”minnetdarlygymyzy bildirýäris we ynsan hukuklary “Memorial”merkeziniň bir ýoluny tapyp möhüm işlerini dowam etdirjekdigine ynanýarys hem elimizden gelen kömegi etmäge taýýar.The post Moskwanyň şäher kazyýeti adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezini ýapdy, mundan owal Rozgeldi Çöliýewiň işi boýunça gurama jerime salynypdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.