Moskwanyň “Karnelli” sirkiniň artistleri aşgabatly tomaşaçylara iň gowy çykyşlaryny hödürlediler

Akrobatlaryň, gimnastikaçylaryň, gözbagçylaryň, žonglýorlaryň, haýwanlara emel-tilsim öwredijileriň täsin we masagarabazyň gülkünç çykyşlary diňe bir çagalaryň däl, eýsem ulularyň hem uzak wagtlap ýadyndan çykmasa gerek.

Ilki bilen Russiýanyň at gazanan artisri, Udmurtiýanyň halk artisti Andreý Kowgaryň ýolbaşçylygynda akrobatlar towsulýan ýüpli çykyş etdiler.Olar geçen asyryň 30-njy ýyllarynyňka meňzedilen çykyşlarynda şol döwrüň sazlaryny ulanýarlar.

Daşyndan görmäge ýönekeýje ýüp ýalydyr welin, ulanybilseň şonda-da dürli tilsim görkezip bolýan eken...Akrobatlar ýüpleri ezber ulanyp, olardan üýtgeşik bir kerep kysmy şekil döredýärler.Yzyny üzmän pyrlanyp duran özboluşly bu uly çarhda artistler her dürli bökýärdiler.

Akrobatlaryň biri beýlekisiniň egnine münüp, ýüp bökende tomaşaçylar onuň ussatlygyna haýran galyp el çarpdylar.Bir-biriniň kebzine çykan üç artistiň görkezen tilsimi welin, tomaşaçylara şowhunly el çarpdyrdy.

Ýuliý Ýakubowskiý itlere has gyzykly emel öwredipdir. Ol arena äpet guýma çemodanly geldi, ondan gelşiklije güjüjikleriň üçüsi hemem äpet dog tohumly it atylyp çykdy, ol oturgyja geçip oturýar. Dört aýakly artistler tans edip, salto aşýardylar, eýesiniňň buýrugyny yhlasly ýerine ýetirişi bilenem tomaşaçylaryň göwnüni awladylar. Hoşlaşyk pursadynda olaryň biri hormat bilen baş egende bu ýere gelenleriň begenjiniň çägi bolmady.

“At münmegiň ussatlyk mekdebi” çykyşyndaky ap-ak at welin başgaça hereket edýärdi. Egni orta asyr çapyksuwarlarynyňky ýaly ýapynjaly we depesi perli äpet şlýapaly Ýelena Pawlowiçiň münen baýtaly başyny belent tutup, dürli saza sazlaşykly hereket edýärdi.

Onuň yzysüre Russiýanyň at gazanan artistleri Galina we Ruslan Gutkaýewler eldekileşdiren maýmynjyklaryna gelşikli eşik geýdiripdirler welin, olar kiçijik agras adamlara meňzäpdir. Olar Galinanyň we Ruslanyň buýrugy bilen žonglýorlar oýnuny görkezýärdiler, saltro aşyp, öň aýagyna galýardylar. Şol wagt arena awtomobilde üçünji bir maýmyn çykdy, onuň başga-da iş-aladasy ýetik borly, ol ulagyna münüp, sahnanyň aňyrsyna siňip gitdi.

Mariýa Koh-Kukesiň ýolbaşçylygyndaky gözbagçylar durmuşda bolup bilmejek zady görkezdiler. Özem Mariýa bilen onuň kömekçileri ony ezberlik bilen ýerine ýetirdiler.Masriýanyň giren enjamy ot alanda tomaşaçylar haýran galdylar.

Goýy tüsse peýda bolup, alaw dilleri Mariýanyň ýüzüni çawlaýardy, ot sönende welin, Mariýa otdan sag-aman çykdy.Munuň oňa nähili başardanlygy hem-de onuň kömekçileriniň dördüsiniň kiçeňräk gaba nähili syganlygy olaryň hünär syry bolup galýar.

Çykyşlaryň arasynda alabeder köýnekli, uzyn jalbaçaly, özüne has uly ädikli tagaşyksyz-emelsiz masgarabaz Aleksandr Kotýanin tomaşaçylary güldürip hezil berdi. Oglanjyklardyr gyzjagazlar, olaryň ata-eneleridir mamalary onuň degişmelerine seslenip, kä onuň, käte öz üstlerinden gülýärdiler.

Çykyşlaryň ahyrynda Andreý Kowgaryň topary Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren tilsimi ýerine ýetirdiler. Akrobatlaryň biri guşagyna 5 metrlik syryk berkidýär, onuň çür depesinde kürsi bardy. Beýle ýanynda duran tagta artist Tatýana Butowa münenden howsalaly dep kakaylýar... Akrobatlaryň ikisi tagtanyň beýleki tarapyna bökenden ol al-asmana atylýar-da, howada iki gezek pyrlanyp göni kürsä düşýär.

Tomaşaçylar ör turup çykyş eden artistleri alkyşlap, “Berekella!”—diýip gygyrýardy, onsoň tomaşa gatnaşanlaryň bary maneže çykyp, mähirli garşylandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Şarapowadan soň Gauff
Bolgariýanyň Premýer-ministri Wezipesinden Çekildi
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Basketbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy öňde boljak halkara ýaryşlaryna taýýarlanýar
Fahrettin Altun YHG-na agza ýurtlaryň resmileri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi