Moskwanyň baş Aýazbabasy Täze ýylda ulularyň näme arzuw edýändiklerini gürrüň berdi

Moskwanyň baş Aýazbabasy Täze ýylda ulularyň näme arzuw edýändiklerini gürrüň berdi

Russiýanyň paýtagtynyň uly ýaşly ýaşaýjylarydyr myhmanlary Aýazbabadan, esasan, ipoteka karzlaryny üzlüşmegi, işe ýerleşmegi, gurluşyk materillary üçin arzanlaşyklara duşmagy haýyş edýärler. Bu barada Moskwa şäheriniň baş Aýazbabasy metbugat duşuşygynda gürrüň berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Aýazbabanyň gürrüňine görä, ol her gün diňe çagalardan däl, eýsem, uly adamlardan hem müňlerçe arzuwly hatlary alýar. Ulularyň dilegleri, elbetde, kynrak diýip, Täze ýyl baýramynyň jadygöýi sözüniň üstüni ýetirdi.

Öň Rabota.ru serwisi uly ýaşly russiýalylaryň Täze ýyl gijesinde nämeleri dileg edýändiklerini habar beripdi.Olaryň arasynda iň ýörgünli arzuwlar özüň we ýakynlaryň saglygy (76 göterim), bagt (44 göterim) hem-de tebigy heläkçilikleriň täze ýylda asla bolmazlygyny dilemek bolup durýar.

Elbetde, Täze ýyl baýramynda geň arzuw edýänler hem ýok däl, mysal üçin, uly ýaşly russiýalylaryň içi pul doly çemedan tapmagy arzuw edýänleri-de bar.

Ýene degişli makalalar

Terminator Aýazbaba boldy
Aşgabadyň mekdeplerinde okuwçylara Täze ýyly bellemegiň gadagandygy duýdurylýar
Berkarar SDAM-da Aýazbabanyň jadyly poçtasy açylýar
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Dejavu Täze ýyl oturylyşyk agşamlaryna çagyrýar
Raýatlar Täze ýyla taýýarlyk çärelerine çekilýär