Moskwany güýçli çabga basdy

Moskwany güýçli çabga basdy

Güýçli çabga Russiýanyň paýtagtynyň birnäçe etrabyny gark etdi, ony ýerli ýaşaýjylar wideo düşürip, internetde ýerleşdirdiler diýip, Gazeta.ru habar berdi.

Wideogörnüşlerde moskwalylaryň dyzyňa ýetýän suwda durandygy görünýär, olaryň ýanynda suwa gark bolan awtoulaglar bar.

Mundan öň ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi golaý günlerde Moskwada güýçli yssy boljakdygyny duýdurdy. Paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna güňüň dowamynda köçede suw içmek hem-de mümkingadar saýaly ýerlerde bolmak maslahat berildi.

Russiýanyň Howa maglumaty merkeziniň ylmy ýolbaşçysy Roman Wilfand Moskwa oblastynda yssy howanyň hepdäniň aýagyna çenli dowam etjekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen häkimiýeti suw joşmasyna ilata basyş etmek we IMO-ny petiklemek arkaly çemeleşýär
Moskwa uçan ýolagçy uçarynyň asmanda aýnasy çat açdy
Filippinlerdäki sil apatynda 14 adam ýogaldy
Türkiýe Bilen Wengriýanyň Söwda-Ykdysady Gatnaşyklary Hasam Ösdüriler
BAE çabgalaryň zyýanyny aradan aýyrmak üçin 544 million dollar sarp etmekçi
Bahreýne bir günde ygalyň ýyllyk möçberi düşdi