Moskwadan Türkmenistana ewakuasiýa uçar gatnawy bilen tussaglary we deportasiýa merkezlerindäki raýatlary alyp gitdiler

Moskwadan Türkmenistana ewakuasiýa uçar gatnawy bilen tussaglary we deportasiýa merkezlerindäki raýatlary alyp gitdiler

30-njy maýda Moskwadan Türkmenabada “Türkmenistan howaýollarynyň” ýörite uçar gatnawy bardy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, uçardaky 176 ýolagçynyň ýarysyna golaýy Russiýanyň türmelerinde oturan tussaglar ýa-da deportasiýa merkezlerinde watana dolanmaga garaşan raýatlar.

Ýolagçylar ir sagat 8.20-de Türkmenabada gelsede, öýlän sagat 3-e çenli jokrama yssyda açyk meýdanda sakladylar. Soňra olary howa menziliniň ýakynyndaky ýokanç keseller hassahanyň çägindäki lagere alyp gitdiler. Bu lager şäherinň çetinden ortaça 6 kilometr uzaklykda çölde ýerleşýär.

Adamlaryň jübi telefonlaryny ýygnadylar, ýüklerini bolsa, konteýnire salyp, möhürlediler.

Çagaly zenanlary we başgada aýratyn adamlary keselhananyň binasynda ýerleşdirdiler. Galanlaryny bolsa, lagerdäki çadyrlara saldylar.

Ýokanç keseller hasshanada mundan öň Malaýziýadan getirilen çagaly zenanlar hem bar. Şu Anna güni olaryň karantin möhleti tamamlanýar.

Bular hassahanadan çykanda, koronawirus ýokdygy barada güwänama alarlar we şol güwänama 3 günlik güýje eýe. Adamlar onuň bilen öýlerine gidip bilýärler.

Lageriň şertleri erbet däl. Bu uçar gatnawy bilen gelenlerden başga lagerde hiç kim ýok. Çadyrlaryň aglabasy boş.

Raýatlara şäher guramalarynyň hasabyna iýmit berilýär. Olara ertirlik gaýnadylan bürünç, ýumurtga, öýlänlik borş çorbasy we agşamlyk palaw berilýär.

Lageriň çäginde hajathana we suwa düşülýän duş bar.

Adamlaryň her gün gyzgynyny ölçeýärler we her duşenbede analiz üçin gan alýarlar. Käte kabir adamlary palatkadan ýygnaýarlar. Olary nämeüçin we nirä alyp gidýändikleri belli däl.

Lagerde işleýänler mylakatly.

Tussaglary we deport edilenleri erkekler üçin aýratyn ýerde we berk gözegçilikde saklaýarlar. Ilkinji gije ol ýerde ýumruklaşma boldy. Kimdir biriniň sagady we pullary ogurlanypdyr.

Ýolagçylaryň garşylamaga gelen hossarlary bilen duşuşyk asla mümkin däl.

Lagerde adamlar hatda, Rusýada sanjym alan bolsada, 3 hepde galarlar.

Iýunyň başynda Moskwadan ýene bir ýörite uçar gatnawyna garaşylýar.

Ýatlatsak, 31-nji maýdan 1-nji iýuna geçilýän gije Türkmenabatda güýçli ýel boldy. Şäheriň “Sputnik” etrabyndaky käbir jaýlaryň üçegindäki sifrler uçup gitsede, lagerdäki palatkalar ýerinde galdy.

Ýatlatsak, 16-njy aprelde GDA agza ýurtlaryň hökümetara assambleýasynyň maslahatynda Russiýanyň IIM-niň orunbasary Aleksandr Gorowoý “wagtlaýyn ýörite tussaghanalardaky raýatlaryny yzyna alyp gitmek üçin Türkmenistanyň haýsyda bir ädimini görmeýändigini” aýdypdy.

Maý aýynyň ortalarynda bolsa,Sankt-Peterburgyň adam hukuklary boýunça ýörite wekiliniň, ombudsmanynyň deportasiýa garaşýan raýatlaryny alyp gitmek barada eden haýyşlaryny türkmen tarapynyň biregne, bir ýyllap äsgermezlik edýändigi habar berildi.The post Moskwadan Türkmenistana ewakuasiýa uçar gatnawy bilen tussaglary we deportasiýa merkezlerindäki raýatlary alyp gitdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Gebreýesus Gazada Öýlerinden Jyda Düşenleriň 90 Göteriminiň Çadyrlarda Ýaşaýandygyny Aýtdy
NATO, Hataýda 4 Müň Adamlyk Çadyr Şäherçe Gurýar
Bangladeşde Bolan Ýangynda 2 Müň Çadyr Ýandy
Germaniýaly ministrler Kahramanmaraş welaýatynda saparda bolýarlar
Ýaşaýyş Jaýlaryny we Şäherlerimizi Täzeden Gurarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýer Titremesinden Soň Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär