Moskwadan Aşgabada gelýän uçar Türkmenabada gondy, “Türkhowaýollary” Aşgabat gatnawlaryny ýatyrdy

Moskwadan Aşgabada gelýän uçar Türkmenabada gondy, “Türkhowaýollary” Aşgabat gatnawlaryny ýatyrdy

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Moskwadan Aşgabada gelýän uçary Türkmenabada gondy.Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji martda habar berdi.Uçardaky ýolagçylar koronawirus keseli bilen baglylykda saglyk barlagyndan geçirildiler. Şol bir wagtyň özünde, turkmen.news neşiriniň habar bermegine görä, “Türkhowaýollary” kompaniýasy Aşgabat gatnawlaryny ýatyrdy. “Türkmenhowaýollarynyň” “Moskwadan gelýän uçaryny Türkmenabada gondurdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Halkara uçar gatnawlaryny yzarlaýan Flightradar24-iň maglumatyna görä, 4-nji martda “Türkmenhowaýollarynyň” T5 726 belgili Moskwa-Aşgabat gatnawy Moskwanyň Domodedowa halkara aeroportundan Aşgabat ugry boýunça uçdy. Ýöne 5-nji mart güni ir sagat 5:20-de Aşgabadyň halkara howa menziline barmagy meýilleşdirilen bu gatnaw Türkmenabada gondy, soňra ir sagat 7:20-de Aşgabada geldi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, uçardaky ýolagçylar Türkmenabatda düşürildi hem-de koronawirus bilen baglylykda saglyk barlagyndan geçirildiler: “Ähli ýolagçylary barlagdan geçirenlerinden soň, goýberip başladylar” diýip, habarçy aýtdy. “Ýöne olar Aşgabada nädip aşjaklaryny heniz hem bilenok” diýip, ol maglumatynyň üstüni ýetirdi. Şol bir wagtyň özünde, “Türkhowaýollary” kompaniýasy Aşgabat gatnawlaryny ýatyrdy.

Bu barada Turkmen.News neşiri 4-nji martda habar berdi.Neşiriň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, 4-nji we 5-nji martda Türkmenistana uçmagy meýilleşdiren ýolagçylara degişli gatnawlaryň ýatyrylandygy kompaniýa tarapyndan mälim edildi.

Uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň sebäpleri we onuň möhleti aýdylmaýar, ýöne neşiriň maglumatlaryna görä, bu türkmen häkimiýetleriniň dünýäde koronawirusyň ýaýramagy sebäpli öz raýatlarynyň Türkiýä gitmegini gadagan etmegi bilen baglanyşyklydyr. “Türkhowaýollary” Aşgabat gatnawlarynyň togtadylandygy ýa-da ýatyrylandygy barada häzirlikçe resmi beýanat çap etmedi. 5-nji martda Azatlyk Radiosynyň kompaniýanyň Stambuldaky baş edarasyndan kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Kompaniýa häzirki wagtda Hytaýa, Günorta Koreýa, Eýrana, Italiýa we Yraga amala aşyrýan uçar gatnawlaryny epidmeiýa sebäpli wagtlaýyn ýatyrdy.Aşgabat gatnawlarynyň ýatyrylýandygy baradaky maglumat kompaniýanyň 3-nji martda Stambuldan Singapura amala aşyran uçar gatnawynda 1 ýolagçyda koronawirus keseleniň anyklanmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Bu uçar penşenbe güni Stambula ýolagçysyz dolandy.Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň howa gatnawlarynyň baş gullugy hem özüniň amala aşyrýan halkara uçar gatnawlaryny soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda ep-esli çäklendirdi. Ýatlasak, geçen aý “Türkmenhowaýollary”, täze epidemiýanyň Türkmenistana aralaşmagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda, Aşgabat Stambul gatnawlaryny 26-njy fewraldan 31-nji marta çenli wagtlaýyn togtatdy.

Has ozal, 31-nji ýanwardan başlap kompaniýa Bankok we Pekin gatnawlaryny näbelli möhlete çenli ýatyrdy. Ýanwaryň başynda Abu-Dabi we Dubaý gatnawlaryny, wagtlaýyn ýatyryp, soňra dikeltdi.Türk milli daşaýjysynyň Aşgabat gatnawlaryny ýatyrmagy bilen iki ýurduň arasyndaky göni uçar gatnawlary häzirlikçe doly ýatyryldy.

Munuň bilen Türkiýede ýaşaýan ýüzmüňlerçe türkmenistanly öz ýurduna göni uçar gatnawlary arkaly sapar etmek mümkinçiliginden mahrum boldy.Türkiýe türkmen migrantlarynyň iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýär.Türkmen häkimiýetleri Hytaýda peýda bolup, häzirki wagtda onlarça ýurtda hasaba alnan koronawirus keseliniň ýurda ýaýramagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleri gördüler.

Fewralyň üçünji ongünlügine geçip, Türkmenistan Eýran we Owganystan bilen aradaky döwlet serhetlerini ýapdy, türkmen-özbek serhedi 31-nji ýanwarda ýapyldy.Döwlet mediasyna görä, 25-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýokary derejeli saglyk resmilerine “keseliň Türkmenistana aralaşmagynyň öňüni almagy” hem-de bu ugurda ““dürli ýagdaýlaryň döremegine taýýar bolmagy” tabşyrdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Çoganlydaky Ýokanç keselleri hassahanasynda azyndan iki näsagda koronawirus keseleniň anyklanandygyny habar berdiler, ýöne emeldarlar bu maglumat ret edýär.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatyna görä, 4-nji martda tutuş dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 92,943 adama, ölenleriň sany 3160 adama ýetdi.

Hytaýyň daşynda anyklanan näsaglaryň 90 prosenti üç ýurduň Günorta Koreýanyň, Eýranyň we Italiýanyň raýatlarydyr.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenhowaýollary” Stambul gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy
Pekinden Aşgabada gelýän türkmen uçary Lebapda gondy, ýolagçylar karantinde saklanýar
“Türkmenhowaýollary” ýatyrylan Stambul gatnawlaryna bilet satyn alan ýolagçylaryň pullaryny gaýtarmaýar
Türkmen ministri eýranly ilçi bilen 'parahatçylyk' hakynda maslahatlaşdy, soňky wakalar barada dymdy
Özbek prezidenti bilen eden telefon gürrüňi baradaky maglumat türkmen prezidentiniň 'ölüm habaryny' ýalana çykarýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk