1945-nji ýylyň 9-njy maýynda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gtanaşan Merkezi Aziýa ýolbaşçylary sebitiň dekolonizasiýa prosesi barada bir topar sorag döretdi. Ýerli synçylaryň käbiriniň pikirine görä, soňky döwürde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has ýygjamlaşmagy, ýurduň ilkinji prezidentiniň gol çeken karary esasynda bellenen Hatyra gününiň başga senä geçirilmegi, 2020-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanda ozal hiç wagt bolmadyk Ýeňiş güni ýörişinde sowet ýaraglarynyň mazamlanmagy ýurtdaky ümsüm dekolonizasiýa prosesiniň has aşak basylýandygyny aňladýar.
Öňki SSSR-iň çäginde 1980-nji ýyllaryň ortalarynda başlanyp, gysga wagt dowam eden aç-açanlykda çap edilen işler arkaly güýçlenen dekolonizasiýa prosesi, uruş jenaýatlarynda aýyplanýan rus prezidentiniň sebitdäki täsirlerini saklamak synanyşyklarynyň arasynda, uzaga çekjege meňzeýär diýip, türkmen syýasatçysy Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
1970-nji ýyllarda Aşgabatda Maksim Gorkiý adanyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okan we professor Başim Şamyrodowyň 1920-nji ýyllaryň edebiýatyndan beren leksiýalaryny, professor Mämmetdurdy Annagurdowyň türkmen metbugatynyň taryhyndan beren leksiýalaryny diňlän we häzir Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan türkmen edebiýatçysynyň Azatlyk bilen anonim söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Türkmenistanda dekolonizasiýa meselesi, Moskwanyň Ukrainada başlan urşy we Kremliň Aşgabada ýetirýän täsirleriniň güýçlenmegi sebäpli, ýene bir gezek gün tertibine gelýär.
Onuň pikiriçe, Seýitmyrat Öwezbaýewiň 1920-nji ýyllaryň ortasynda çap edilen taryhy "Gönübek" eseriniň Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolmagynyň çäginde sahna eserine öwrülip, türkmen tomşaçylaryna ýetirilmegi-de, türkmen taryhyna, şol sanda Gazawat urşuna, Gökdepe urşuna degişli başga dillerde ýazylan zatlaryň terjime edilip, türkmen metbugatynda ile ýetirilip başlanmagy-da şu günki gürrüňi edilýän dekolonizasiýa prosesiniň bir bölegi boldy.
Emma bu proses, resmi taýdan garaşsyz ýurt bolan Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ol ýa-da beýleki döwürde eýelän syýasy pozisiýalary zerarly, 30 ýyldan gowrak wagt bökdelýär diýip, aşgabatly edebiýatçy aýdýar.
Dekolonizasiýa prosesiniň ýokary derejeli ýolbaşçylar tarapyndan bökdelmegi, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, koloniýa döwründe ornaşdyrylan agalyk syýasatynyň, şol sanda uly gyrgynçylga getiren urşuň hem 'aklanmagyna' hyzmat edýär.
Feýsbuk ulanyjylaryň käbiriniň Ýeňiş gününiň öňünden türkmen aýallarynyň fronta kömek üçin bary-ýoguny ýygnap berşine bagyşlanan kartinany paýlaşmagy, beýleki birleriniň "Stalin bolmadyk bolsa, Beýik Ýeňiş bolmazdy! Ýeňiş näme, hatda urşuň özi bolmazdy!” diýip ýazmagy bu prosesiň iki tarapyny görkezýär.
Ikinji tarapdan, 1980-nji ýyllarda iň tanymal türkmen-sowet şahyrlarynyň biri bolan Gurbannazar Ezizowyň uruş temasyndan ýazan “owadan” goşgularyny ýat tutan adamlaryň käbiri, Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşy bilen baglylykda, 1991-1945-nji ýyllaryň urşuna edebiýatda, sungatda hem täze göz bilen, gaýtadan seretmek zerurlygyny ýatlatdy (Bu tema geljekde aýratynlykda ýüzlenmek niýetimiz bar).
Şu aralykda, döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji maýda garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistanyň halkyna ýüzlenip çap eden gutlag hatynda 1941-45-nji ýyllaryň “dünýä taryhyna örän pajygaly, gandöküşikli, jebir-jepaly döwür hökmünde” girendigi resmi derejede boýun alyndy. Şeýle-de, gutlagda “ХХ asyryň ýowuz urşy”, “örän agyr döwür”, “Ýürek-bagry paralaýjy ...agyr döwür” diýen ýaly söz düzümleri ulanylýar.
Ýöne türkmenler üçin diňe Ikinji jahan urşy däl, 1873-nji ýyldaky Gazawat urşy-da, 1879-81-nji ýyllardaky Gökdepe urşy hem ýowuz bolupdy. Bu uruşlaryň birinjisinden soň, patyşa goşunlarynyň salgydyny üzmek üçin öýlerinde näme bolsa ýygnan, şaý-sepleri bilen aglap hoşlaşan türkmenler soň Gazawat gyrgynçylygyna sezewar edildi. Gökdepede bolsa, çişen jesetleriň barmaklaryndaky, goşarlaryndaky ýüzükler, bilezikler wagşylarça goparyldy.
Kolonial taryhçylaryň Türkmenistanyň Russiýanyň düzümine zor bilen birikdirilmegini aklap, öz sözlerini çar tarapdan edilýän çozuşlaryň soňlanmagy bilen delillendirmegine garamazdan, türkmenleriň rus agalygynda ýaşamagy olary ilki bolşewik gyrgynçylyklaryna ýa arassalaýyşlaryna, soň “Beýik Watançylyk urşy” diýilýäniň gyrgynçylygyna sezewar etdi.
Elbetde, basylyp alnan azlyk halklar basybalyjy güýçleriň urşunda bütin taryh boýy öň hatarlara sürlüpdir we agyr ýitgi çekipdir, emma gan bilen gazanylan ýeňişleriň esasy at-abraýy hemişe agalyk edýän milletlere berlipdir. Bu 1941-1945-den soňam şeýle boldy.
Eger türkmenler, käbir beýleki halklar ýaly, öz kolonial geçmişlerine täzeden seredip bilen bolsadylar, bu günki gün “XX asyryň ýowuz urşy”, “örän agyr döwür”, “Ýürek-bagry paralaýjy ...agyr döwür” diýilýän uruş barada has anyk, has dogruçyl gürrüň etmäge taýýar bolardylar.
Emma bu taýýarlyga esas boljak taryhy makalalar, analizler, synlar ýeterlik ýazylmady, çeper eserler döredilmedi ýa-da döredilse-de, dürli sebäpler esasynda çap edilmän galdy.
Şol bir wagtda, bu ýerdäki esasy sebäp hemmeleriň ýadynda, bu sowet halklary diýilýänleriň ýüregine ornaşdyrylan gorky, döwlet terrory bilen bagly. Gysgaça aýdylanda, ilki imperiýanyň, soň rewolýusiýanyň “öz çagalaryny iýmegi”, SSSR-iň bütin ilatynyň üç kategoriýa - tussaglara, derňew astyndakylara we güman edilýänlere bölünmegi şu wagta çenli öz netijesini berýäne meňzeýär.
Şeýlelikde, beýleki sowet halklarynda bolşy ýaly, türkmen edebiýatynda hem urşy ideallaşdyrýan, birtaraplaýyn ýa-da ýarym hakykat, toslama görnüşinde beýan edýän eserler döredildi we olara SSSR darganyndan soňam täzeden, başga göz bilen seredilmedi.
Belki-de şu sebäpden, türkmen prezidentiniň ýokarda ýatlanan gutlagynda “örän pajygaly, gandöküşikli, jebir-jepaly” uruş baradaky ajy, üsti örtülip saklanylýan hakykatyň düýp özenine ýa-da ol urşa alyp gelen sebäplere türkmen metbugatynda tas düýpden aralaşylmady.
Ikinji bir sebäp bolsa, Berdimuhamedow bu gutlagyny çap edeninden bir gün soň Moskwa baryp, uruş jenaýatçysy hökmünde tussag edilmegine garaşylýan Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ýeňiş güni dabaralaryna gatnaşmalydy, ýerli synçylaryň biriniň sözi bilen aýdylsa, Türkmenistanyň üstüne 150 ýyl mundan öň abanan rus howpy heniz sowulmandy.
1941-45-nji ýyllaryň urşy we ol urşuň çeper edebiýatda, hususan-da poeziýada beýan edilişi barada gürrüň edilende, şahyr Gurbannanazr Ezizowyň uruş temasyndan ýazan örän özboluşly, näzik goşgulary ýada düşýär. Şol bir wagtda, uruş weteranynyň ogly bolan şahyryň bu uruş barada, gylyjyň tygynyň üstünden ýörän ýaly, örän seresap bolandygyny, syýasy taýdan örän dürs bolmaga çalşandygyny boýun almaly.
Ol ozal, otuzynjy ýyllaryň wagyzçy şahyrlarynyň ýöntem goşgularyna gülünýän wagtynda hem şeýle syýasy dürslük görkezip, ol goşgularyň göreş üçin ýazylandygyny öňe sürüpdi.
Wagt bolsa, Ezizowyň uruş temasyndan ýazan goşgularynyň her biri barada aýratyn gürrüň edip bolardy.Belki, geljekde muňa mümkinçiligimiz bolar.Sebäbi olar urşa gatnaşan türkmen şahyrlarynyň ýazan goşgularyndan has başga.
Mysal üçin, onuň “Düýşler” goşgusynda ölen soldatlaryň düýşünde geçen uly uruşdan gaýdyp gelýändigi aýdylýar. Şahyryň “Ballada”, “Sen ony kyrk birde ýolladyň beýläk...”, “Uruş”, “Gödek soldat”, “Aýakda gabarçak, maňlaýynda der...”, “Uruş gidip otyrdy...”, “Urşa ýüzlenme”, “Ýogalýar eneler, ýogalýar arman...”, “Soldat ýüregi”, “Asatur aga”, “Bir dosty Kiýewde ýazyldy ýere...”, “Geliň özümizi köşeşdirmäliň...” ýaly goşgulary bir döwür türkmen şygryýetiniň janköýerleriniň gowy görüp, elden düşürmän okan eserleri boldy.
Emma Ezizowyň döreden döwründe gürrüňi edilýän urşa gatnaşan, tyldaky kynçylyklary gören, 37-38-nji ýyllardaky arassalaýyşlar, basmaçylyk diýilýän döwür, Gökdepe urşy barada bilýän, gürrüň berýän adamlar has kändi. Herhalda, şahyr Annagül Kekilowanyň düşen gününe düşmejek bolsaň, bu wakalaryň hiç birine sowet ideologiýasynyň rugsat berýän çygryndan çykyp, başga göz bilen, köptaraply seredip boljak däldi.
Şonuň bilen bir wagtda, Ezizowyň uruş barada ýazan 'üýtegşik' goşgulary, belki-de frontçy kakasynyň ýa beýleki weteranlaryň beren gürrüňleriniň täsirleri netijesinde, şahyryň sowet metbugatynda aýdylmaýan hakykatdan “gowy sarsandygyny” habar berýär.
Käbir rus ýazyjylaryndan tapawutlylykda, G.Ezizowyň we beýleki türkmen döredijileriniň Ikinji jahan urşunyň elhençlikleri we bu uruşdaky kommunist jenaýatçylygy hakynda ýazyp, aýdyp bilmezliginiň esasy sebäbini, edebiýatçylaryň käbiriniň pikirine görä, türkmenleriň Russiýa bakna, ýapja bolup ýaşamagyndan, gorkmagyndan gözlemeli.
Elbetde, rus dilindäki edebiýatda we sungatda hem uruş hakykaty köp derejede, yzygiderli galplaşdyryldy.Emma SSSR-iň ilkinji we soňky prezidenti Mihail Gorbaçýowyň üýtedip gurmak’, aç-açanlyk’ syýasaty ýurtdaky gadagan temalaryň, şol sanda taryhyň ak tegmilleri’ diýilýänleriň hem üstüni açdy we rus dilinde ozal mümkin bolmadyk onlarça kitap, ýüzlerçe makala, şol sanda urşa gatnaşan adamlaryň ýatlamalary, taryhy dokumentler, çeper we dokumental eserler, synlar çap edildi.
Şeýlelikde, gysga wagtda elýeterli edilen gymmatly maglumatlar ozal hiç bir jähtden sorag astyna alyp bolmajak “Beýik watançylyk urşunyň” hakykatda diňe gitlerçi Germaniýanyň başlan jenaýatçylygy’ däldigini, bu ýerde ähli ýurtlaryň proletarlaryny birleşmäge çagyran bolşewikleriň hem az rol oýnamandygyny aýan etdi.
Haýp, geçmişe täze göz bilen seretmek, millionlarça adamyň söweş meýdanlarynda gyrylmagyna, maýyp bolmagyna, tylda horlanyp ölmegine, maşgalalaryň dargamagyna, çagalaryň ýetim galmagyna getiren, görülmedik derejede gymmat düşen Ýeňşiň hakyky bahasyny açyp görkezmäge uzak rugsat berilmedi.
Has anygy, ozalky KGB ofiseri Wladimir Putiniň häkimiýet başyna gelmegi 20 milliondan gowrak sowet raýatynyň ölümine sebäp bolan Ikinji jahan urşunyň, şol sanda sowet repressiw dolandyryşynyň beren ajy durmuş sapaklarynyň gaýtadan özleşdirilmegine gaýtadan böwet basylmagyna sebäp boldy.
Sowet Soýuzynyň dargamagyny geçen asyryň "iň uly geosyýasy betbagtçylygy" diýip atlandyran Putin stalinçiligi aklamak, Gyzyl goşun bilen bagly oňaýsyz faktlaryň üstüni örtmek we 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan ýeňşi şöhratlandyryp, Russiýanyň halkara arenasynda ýitiren abraýyny ýa-da täsirlerini dikeltmek üçin köp tagalla etdi we sowet ýyllarynda Gyzyl meýdançada geçirilen uly tutumly harby parady hem gaýtadan ýola goýdy.
Ýöne şu ýylyň 9-njy maýynda geçirilen parad, Moskwanyň Ukraina garşy alyp barýan agressiw urşunyň fonunda, rus ýaragynyň şöhratyny’ däl-de, ejizländigini görkezen ýaly boldy. Şeýle-de, Russiýada yglan edilen harby mobilizasiýa sebäpli ýurtdan gaçan adamlar Putiniň faşistik Germaniýa garşy alnyp barlan dört ýyllyk göreşiň hatyrasyny milli buýsanjyň aýrylmaz bir bölegine öwürmek synanyşygynyň o diýen netijeli bolmandygyny aňladýar.
Ikinji tarapdan, Moskwanyň Ukrainada alyp barýan urşy ozal Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan we 1991-nji ýyldan bäri özbaşdak, garaşsyz bolan ýurtlaryň, eger-de hakykatdan hem özbaşdak bolmak ýa-da özygtyýarly ýurt hökmündäki orunlaryny pugtalandyrmak, dünýäniň beýleki ýurtlary, şol sanda Russiýa Federasiýasy bilen deň derejede, öz milli bähbitleri esasynda gatnaşyk etmek isleýän bolsalar, taryhda bolan zatlara täzeçe, garaşsyz garamagy öwrenmelidigini görkezdi diýip, anonimlik şertinde gürleşen türkmen edebiýatçysy aýtdy.
Şeýle-de, sosial mediada her ýylyň 9-njy maý baýramçylygynyň öňünden paýlaşylýan başgaça pikirleri, taryhy faktlary, rus dilinde we beýleki dillerde çap bolan ýatlamalary, 'boýun alyşlary' türkmençä terjime etmek işi ýola goýulsa, 'bizdäki dekolonizasiýa prosesine uly kömek bolardy' diýip, türkmen edebiýatçysy pikir edýär.
Mysal üçin, türkmen şahyry geçen uruşda ölen esgerleriň düýşünde gaýdyp gelýändigini ýazan bolsa, Bulat Okujawa özüniň uruşdan ömürlik ýaralanandygyny, şindem düýşünde wepat bolan ýoldaşlaryny... görýändigini, urşy ýigrenýändigini ýazypdyr.
Dogry, Okujawa ýaly, özüniň “gorky imperiýasynda”, “gan imperiýasynda doglandygyna” düşünýän we muny açyk aýdyp bilýän dörediji hiç wagt kän bolmandyr. 1992-nji ýylda, "Stolitsa” žurnaly "...biziň ýurdumyzyň iň aýylganç betbagtçylygy nämede?” diýip soranda, aýdymçy şahyr “Biziň tebigata garşy, tebigatyň we taryhyň ähli kanunlaryna ters gelýän jemgyýet gurmagymyzda we oňa özümiziň düşünmezligimizde” diýip jogap berdi.
Şeýle-de ol bu betbagtçylyga şindem hakyky derejesinde düşünilmeýändigini aýdypdyr.
Şahyryň şonda welilik bilen nygtamagyna görä, “Biz, ozalam bolşumyz ýaly, adam şahsyýetini sylamagy başarmaýarys, onda durmuşyň ýokary gymmatlygyny görüp bilmeýäris, özem bularyň ählisi biziň ganymyza siňýänçä hiç bir zat üýtgemez, bolşewizm psihologiýasy bizi we biziň çagalarymyzy mundan aňryk hem ýok etmegini dowam etdirer...”
“Biz diňe gara günüň görgüsini görýän gullar däl, eýsem özleriniň gulçulygyna buýsanýan professional gullar” diýip, Okujawa aýdypdy.
Beýleki bir intellektual, uruş weterany, 50-den gowrak kitabyň awtory, 100-e golaý ýaşan Daniil Granin bolsa, 1956-njy ýylda ilkinji gezek daşary ýurtda bolşuny hiç wagt ýadyndan çykarmajakdygyny, SSSR-de özüniň nähili samsyk ornunda goýluşyna düşünip, aňk bolandygyny ýazypdyr.
Ýene bir intelelktual, Georgiý Burkow (1933-1990) 1953-nji ýyldan 1990-njy ýyla çenli ýazan we ýogalandan soň çap edilen gizlin gündeliginde öz ýaşaýan ýurduny nazarda tutup, “Biz professional agressorlar we şindem Dünýä agalygy pikirinden el çekmedik, ýöne ony sadaja "Dünýä rewolýusiýasy" diýip atlandyrýarys” diýipdir.
Onuň pikiriçe, “biziň ählimiz konslager çeper höwesjeňleri” bolup durýarys. Şeýle-de, Burkow “Meniň watanym ýok, sebäbi ol gulda bolup bilmeýär” diýipdir.
“Ösmedik we ortaça adamlar ullakan bir ýurdy terror etmegi hem-de talamagy dowam etdirýärler. Olar özlerine kybapdaş janawarlary köpeldýärler. Bu betbagtçylyk” diýip, tanymal sowet aktýory nurbatlary berkitmek we bug goýbermek usulynyň halky uzak wagtlap oýnamaga mümkinçilik berjekdigini aýdypdyr.
Ýöne Putin, ozalky sowet liderlerinden tapawutlylykda, bug goýbermek, ýagny adamlaryň öz pikir-garaýyşlaryny belli bir derejede aýtmagyna mümkinçilik bermek usulyny ahyrynda doly ret etdi we nurbatlary has berk towlamak ýoluny saýlap aldy diýip, ozalky diplomat, Wenada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu ýagdaý Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda başlanan dekolonizasiýa prosesini yza çekýär.
Şu aralykda, Türkmenistanda bolmasa-da, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň käbirinde sebitiň dekolonizasiýa prosesi, sowet taryhy we medeniýeti bilen baglanyşyga täzeçe seretmek we Russiýanyň täsirlerinden çykmak barada barha kän gürrüň edilip başlandy we bir türkmen synçysy hem metbugatda öz pikirini açyk aýtmagy başardy.
Aşgabatly garaşsyz barlagçy Rustam Muhamedowyň pikiriçe, Türkmenistanda baryp 90-njy ýyllarda, prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe ýola goýlan şol bir syýasat dowam etdirilýär, ýagny gazaply awtoritar dolandyryş käbir temalaryň, şol sanda dekolonizasiýa tremasynyň gadaganlygyny saklaýar. Şeýle-de ol soňky döwürde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has ýygjamlaşandygyny görkezýän ýagdaýlara ünsi çekýär.
Ýerli synçylaryň käbiriniň pikiriçe, Saparmyrat Nyýazow döwründe Gökdepe galasynyň ýykylan gününde, 12-nji ýanwarda bellenip başlanan Hatyra gününiň soň, Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan oktýabr aýyna geçirilmegi we türkmenleriň rus basybalyjylaryna garşy alyp baran goranyş uruşlarynyň metbugatda asla agzalmazlygy Türkmenistanyň 90-njy ýyllardaky dekolonizasiýa meýillerinden yza çekilendigini aňladýar.
Dekolonizasiýa, Wikipediýanyň düşündirmegine görä, kolonializmi, imperiýaçy ýurtlaryň daşary ýurtlarda, köplenç basylyp alnan topraklarda gurlan hökümdarlygyny ýa-da saklanyp galýan agalygyny ýok etmek bolup durýar.Dekolonizasiýany öwrenýän alymlaryň käbiri bu meselede esasan koloniýalardaky garaşsyzlyk hereketlerine we global kolonial imperiýalaryň dargamagyna üns berýärler.
Emma Türkmenistan ýaly ýurtlarda ornaşdyrylan gorky-howatyr hatda iň öňdebaryjy hasaplanylýan ýazyjy-şahyrlaryň, sungat wekilleriniň we alymlaryň hem kolonial syýasata tabyn bolup, bütin ömrüne basybalyjylara hyzmat etmegine, öz ömrüniň we işiniň manysyny agalyk edýän gatlaga ýaranmakda görmegine sebäp bolup bilýär diýip, synçylar belleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.