Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň Direktory Aleksandr Bortnikow paýtagt Moskwadaky “Krokus Siti Holl” konsert zalyna anna agşamy guralan terror hüjüminiň arkasynda ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Ukrainanyň bardygyny öňe sürdi.
Aleksandr Bortnikow Russiýanyň Baş prokuroturasynyň giňeldilen mejlisinden soň žurnalistlere beýanat berdi.
Moskwadaky terror hüjüminiň arkasynda ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Ukrainanyň bolup bolmandygy bilen bagly soraga jogap beren Bortnikow; “Onuň şeýledigini pikir edýaris. Onsuz hem elimizdäki faktura barada aýdýarys. Bu umumy maglumat, emma olaryň gazanjy has uly” diýdi.
Terror hüjümini guranlaryň Ukraina gitmegi meýilleşdirendigini beýan eden Bortnikow, bu adamlara Ukrainada garaşylýandygy hakynda alynky maglumata eýediklerini aýtdy. Bu hüjümi guranlaryň Ukrainada “gahrymanlarça garşylanmak” islenendigini aýdan Bornikow, terror hüjümine kimiň görkezme berendiginiň heniz anyklanmandygyny hem beýan etdi.
FSB-niň Direktory Bortnikow, Ukrainanyň şeýle hem Ýakyn Gündogarda partizanlary taýýarlaýandygyny we olara tälim berýändigini öňe sürüp, Russiýa garşy frontda tapawutly milletlerden söweşýänleriň bolmagynyň onuň açyk görkezijisidigini beýan etdi.
ABŞ-nyň Russiýa terror hüjüminiň guralma ähtimallygy hakynda maglumat berendigini we oňa ünsli çemeleşilendigini nygtan Bortnikow, emma şol maglumatlaryň umumy häsýetli maglumatlardygyny aýtdy.
Russiýanyň Moswkadaky terror hüjümine gaýtawul görkezjekdigini nygtan Bortnikow, bu hüjüm bilen arabaglanşykly her adamyň tapyljakdygyny we jezalandyryljakdygyny beýan etdi.