Russiyanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmiriy Peskow Moskwadaky terror hüjümi bilen bagly derňew işiniň dowam edyändigini nygtap, hüjümi guran gurama bilen bagly maglumatlara garaşmalydygyny aytdy.
Peskow rus resmileriniň Moskwadaky “Krokus Sity Hall” konsert zalynda guralan hüjümi terror guramasy DEAŞ-yň gurandygy ähtimallygu hakynda durup geçmändigi bilen bagly soraga jogap berdi.
Hüjüm boyunça derňew işiniň dowam edyändigine ünsi çeken Peskow; “Heniz doly analiz berilmedi. Derňew işi dowam edyär. Diňe alynky maglumatlar beyan edildi. Häzirki wagta çenli haysydyr bir anyk wersiya yok” diydi.
Peskow derňew işi dowam edyändigi üçin mesele boyunça güyç ulanyjy gulluklardan geljek maglumata garaşylmalydygyny beyan etdi.
Peskow, Moskwadaky terror hüjümini rus howpsuzlyk gullugynyň başarnyksyzlygy hökmünde görüp görmeyändigi hakyndaky soraga; “Gynansagam dünyämiz şäherleriň ya-da yurtlaryň hiç haysysy terror howpundan azat däl” diyip jogap berdi.
Terrorizme garşy göreşde hyzmatdaşlygyň ähmiyetine ünsi çeken Peskow; “Terrorizme garşy göreş doly giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk talap edyän hemişelik iş. Emma çaknyşyklaryň möwç alyan döwründe bu hyzmatdaşlyk doly dowam etmeyär” diydi.
Peskow Moskwada terror hüjümi boyunça günbatar bilen hiç hili aragatnaşygyň yokdugyny hem beyan etdi.