Moskwada Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyryldy

Moskwada Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşyna we 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Tanyşdyryş dabarasynda türkmen diplomatlary Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň ilkinji kitabynyň mazmunynyň türkmen ýaşlary üçin Watany söýmek, onuň daýanjy bolmak babatda gollanma hökmünde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.

Şeýle-de, bu çärä türkmen diasporasynyň hem-de Moskwada okaýan Türkmenistanly talyplaryň wekilleri gatnaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen nusgawy şygryýetiniň ajaýyp wekili, akyldar, Gündogaryň beýik filosofy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň Türkmenistanda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýlip atlandyrylmagy barada durup geçen gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň çuňňur watansöýüjilige, ynsanperwerlige we pelsepewi dünýägaraýyşlara baýdygyny belläp, olaryň türkmen ýaşlaryny mynasyp terbiýelemekde gymmatly mekdepdigine ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasuybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän döwlet we halkara derejesindäki çäreler barada gürrüň berdi.

Dabaraly çärede türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, milli däp-dessurlary we häzirki Türkmenistanyň gazananlarynu görkezýän sergi guraldy hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okaýyşlary ýerine ýetirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen diplomaty GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeli açyldy
Moskwada Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyrylyşdy
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI SLOWENIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
Daşoguzly mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi