Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Moskwanyň Milletler öýünde Tükmenistanyň medeniýet günleri geçiriler. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara uly orun berler. Dabarany Rus-Türkmen Medeniýet Merkezi, Hazar mirasy atly Hazar halklarynyň dostlugyny berkitmek boýunça Döwletler gaznasy, Moskwada geçirilýän Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy atly sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti bilen bilelikde gurnaýar.
Dabaralaryň çäklerinde türkmen-rus suratkeşleriniň sungat sergisi geçiriler. Bu sergide Waleriý Kurbanowyň, Darius Asadullaýewiň, heýkeltaraş Togrul Ýarmämedowyň, grafika suratkeşi Kristina Grinewanyň eserleri görkeziler. Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň Halkara Hyzmatdaşlyk Merkezi tarapyndan gurnalýan Türkmenistandaky we GDA ýurtlaryndaky rus mekdepleri üçin Moskwanyň neşirýatlaryndan kitaplaryň sergisi gurnalar.
Şol gün sagat 14:00-da Türkmenistanyň Bitarap statusyny Merkezi Aziýada we Hazar deňzinde möhüm howpsuzlyk faktorydyr atly halkara maslahat geçiriler.
Maslahatyň yzysüre sagat 16:30 Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçiriler. Onda Moskwada geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy atly VII halkara sungat festiwalynyň ýeňijileri çykyş eder.