Russiýanyň paýtagtynyň kärhanalary tomsuň geçen iki aýynda buzgaýmagyň 800 tonnasyny öndürdiler diýip, Moskwanyň Maýa goýum we senagat syýasaty edarasynyň metbugat gullugy habar berdi. Bu barada MIR 24 ýazýar.
Ady tutulan edaranyň ýolbaşçysy Anatoliý Garbuzowyň sözlerine görä, moskwa buzgaýmagy Hytaýda, Özbegistanda, Belarusda, Mongoliýada we Gyrgyzystanda uly isleglidir. Ol şeýle-de buzgaýmak öndürijileriň her ýyl önümiň täze az ýagly, şekersiz, berhizlik we hatda ýokumlardyr kalsiý bilen baýlaşdyrylan görnüşlerini oýlap tapýandyklaryny gürrüň berdi.
Bu süýji nygmatlaryň iň meşhurlary eskimo we dürli tagamly wafli bulgurjyklardyr. Täze görnüşleriň arasynda şeker pamykly we şokolad tagamlylar has-da ýörgünli diýlip, habarda bellenýär.