Moskwada Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Moskwada Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Paşkow öýünde Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň aýdym-saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda gibrid görnüşde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, maslahat Russiýanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň çäginde guraldy.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Russiýanyň Döwlet kitaphanasyna edebiýat, milli baýlyklar, medeniýet baradaky kitaplary, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan birnäçe kitaplar, Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň ýubileý nusgalary sowgat berildi.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
Belentden ýaňlanan owazlar
Ýaş sazşynaslaryň ylmy-amaly maslahaty
Ýeňiş güni mynasybetli dabaraly çäre
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY