Moskwada Magtymguly sözlär tili türkmeniň atly konsert geçiriler

Moskwada Magtymguly sözlär tili türkmeniň atly konsert geçiriler

2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda Dostlary ýygnaýarys atly XVIII halkara aýdym-saz festiwalynyň çäginde P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda Magtymguly sözlär tili türkmeniň atly konsert geçiriler. Bu barada HHM habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, maksatnama şahyryň goşgulary esasynda taýýarlanan wokal we instrumental kompozisiýalary, şeýle hem şahyra bagyşlanan eserleri öz içine alar. Çäre kompozitor Mämmet Güseýinowyň guramagynda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň we Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermegi esasynda taýýarlanýar.

Konserte meşhur türkmen we rus sazandalary gatnaşar. Bu ýerde Magtymgulynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň goşgulary esasynda nusgawy wokal kompozisiýalary ýerine ýetiriler. Myhmanlar kompozitor Ýuliý Meýtusyň Magtymguly operasyndan bölekleri, Weli Muhadowyň, Çary Nurymowyň, Jeren Kurbanklyçewanyň we Nury Halmämmedowyň Magtymgulynyň goşgulary esasynda döreden aýdym-saz toplumyndan bölekleri diňlärler.

Konsert zalynyň eýwanynda şahyryň baý mirasyny görkezýän kitap sergisi guralar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY
Astrahandaky OperaFirst 2022 festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň güni geçiriler
Astrahandaky türkmen konsuly Hazar media forumyna gatnaşar