Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi

30-njy sentýabrda M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň merkezi eýwanynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň bürünçden ýasalan heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen halkynyň beýik oglunyň heýkeliniň Moskwa şäheriniň merkezi etraplarynyň birinde oturdylmagy nusgawy şahyryň hatyrasyny ebedileşdirilmek işinde möhüm tapgyr we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň okgunly ösüşiniň we pugtalanmagynyň subutnamasy bolup durýar.

Dabaraly çärä Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň we degişli pudak edaralarynyň, Russiýa Federasiýasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, KHBS-iň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, talyp ýaşlar we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýew, Russiýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary S.Perşin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M.Şwydkoý, M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň Baş direktory P.L.Kuzmin, Magtymguly Pyragynyň eserlerini rus diline terjime eden I.Ý.Golubniçiý we beýlekiler çykyş etdiler.

Şeýle hem çärä hormatly myhman hökmünde Jemagat diplomatiýasyna goldaw bermek boýunça A.M.Gorçakow adyndaky gaznanyň ýerine ýetiriji direktory L.Draçewskiý hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkelini döreden Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş-heýkeltaraş Z.Babaýew gatnaşdylar.

Çärä gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň çykyşlary baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin berdi.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň sowgatlyk ýygyndylary Russiýanyň iň uly kitaphanalaryna gowşuryldy
Türkmenistanyň raýatlary üçin ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg etmek mümkinçiligi, Sanly.tm sanly portaly funksiýalaryny artdyrdy, türkmen kompozitorynyň Bütinrussiýa bäsleşiginde gazanan ýeňşi we beýleki täzelikler
В ТУРКМЕНИСТАНЕ СОСТОЯЛСЯ МЕЖДУНАРОДНЫЙ МЕДИА-ФОРУМ, ПОСВЯЩЕННЫЙ ГОДУ ЭПОХА НАРОДА С АРКАДАГОМ
Türkmenistanly pälwan Bütinrussiýa ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär
Türkmenistanyň halk artisti Hojaguly Narlyýew 85 ýaşyny belleýär