Moskwada geçirilen halkara onlaýn festiwal-bäsleşiginde türkmenistanly operaçy birinji orny eýeledi

Moskwada geçirilen halkara onlaýn festiwal-bäsleşiginde türkmenistanly operaçy birinji orny eýeledi

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde, N.Halmämmedow adyndaky ”Dutaryň Owazy” ady bilen geçirilen VII-nji halkara onlaýn festiwal-bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Aýdym aýtmak” sungaty bölüminiň mugallymy Begdurdy Çerkezow hem gatnaşdy.

Ol kompozitor Ýuli Meýtusyň Magtymguly operasyndan “Magtymgulynyň ariýasyny”, G. F. Gendeliň “Diginare” we Russiýaly kompozitor Guseýn Mämmedowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine “Meniň topragym” atly eserleri bilen gatnaşyp, birinji orna mynasyp bolmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsert
Mukama siňen ömür atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäherinde ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti geçirildi
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Belentden ýaňlanan owazlar
Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşiginiň finalçylary kesgitlenildi