Moskwada GDA-nyň Daşary Işler Ministrleriň Derejesindäki Maslahaty Geçirildi

Moskwada GDA-nyň Daşary Işler Ministrleriň Derejesindäki Maslahaty Geçirildi

Russiýanyň Daşary işler minsitri Sergeý Lawrow Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän ýurtlaryň sebitiniň köpblokly dünýä ulgamynyň merkezini emele getirýändigini nygtap; “Gatnaşyklarymyza howp salýan faktor ýok. Gatnaşyklarymyz ösýär” diýdi.

Ministr Lawrow maslahatdan soň metbugata beýannama berdi.

Lawrow GDA girýän ýurtlaryň arasyndaky gatnaşylar hakynda durup geçip; “GDA-nyň sebiti köpblokly dünýä ulgamynyň merkezinde ýerleşýär. gatnaşyklarymyza howp salýan faktor hem ýok. Giziň gatnaşyklarymyz ösýär we giňelýär” diýdi.

Sergeý Lawrow GDA girýän ýurtlaryň günbataryň goýan sanksiýalaryna garşy durýandygyna ünsi çekip; “Elbetde, bu sanksiýalaryň halkara hukuk bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. Strategik ýaranlar we hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysadyýet ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin başlangyçlar edilýär. Olar halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýär” diýdi.

Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzstan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Ukraina we Özbegistandan emele gelýän GDA, 1991-nji ýylda döredilipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa, Ukrainadaky Uruşda “Ähli Şertlerden” Peýdalanjakdygyny Duýdurdy
3-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Önjü Keçeli Siriýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy tapgyry barada beýanat berdi
Eýran Ermenistany goldady
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi