MOSKWADA DABARALY KONSERT PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

MOSKWADA DABARALY KONSERT PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň we Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy halkara sungat festiwalynyň bilelikde guramagynda türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry, pelsepeçi we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 2024-nji ýylyň 7-nji aprelinde Russiýanyň “Zurab Sereteli sungat galereýasy” Çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynyň konsert zalynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen dabaraly konsert geçirildi.

Konsertiň öňüsyrasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.M.Aýdogdyýew beýik söz ussady, türkmen şygyr äleminiň nusgawy şahyry, pelsepeçi we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň üstümizdäki ýylda Türkmenistan uly dabaralara beslenip belenilýändigi hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurduň Mežlisiniň ýörite Karary bilen 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylandygy barada belläp geçdi.

Magtymguly Pyragynyň ady türkmen halky üçin mukaddes bolup durýar. Onuň eserleriniň milli dünýägaraýşa, edebiýata we dil bilimine ýetiren oňyn täsiriniň çäksiz uludygy şübhesizdir. Gündogaryň beýik akyldary öz döredijiliginde watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, halklaryň dostlugyny wasp edýär. Ol sözüň doly manysynda internasional şahyr bolup orta çykýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary bilen geçirlen dabaraly konserte RF-daky diplomatik korpusyň, Russiýanyň medeniýet işgärleriniň, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň birnäçesiň, bu ýurdyň dürli okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Konsertde N.Halmämmedow, D.Öwezow, A.Pahmutowa, E.D.Kapua, N.A.Rimskiý-Korsakow ýaly meşhur kompozitorlaryň aýdymlary we sazlary ýaňlandy. Şeýle hem Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy halkara sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor M.Güseýnowyň öz döreden aýdymlary we sazlary ýer aldy.

Özleriniň opera aýdymlary bilen opera aýdymçysy, Moskwanyň “Gelikon-opera” sazly teatrynyň artisti D.Guseýnowa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, Ž.Saýan çykyş etdiler.

Konsert ýokary derejede geçdi hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda medeni gatnaşyklar ulgamynda hyzmatdaşlygyň barha ilerleýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgärleriň dykgatyna!
MOSKWADA PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGARY MYNASYBETLI KONSERT GEÇIRILER
Türkmenistanyň ilçihanasy Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Moskwada konsert gurady.
Prezident Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisinde fransuz parlamentarileri kabul edildi