Moskwa uçan ýolagçy uçarynyň asmanda aýnasy çat açdy

Moskwa uçan ýolagçy uçarynyň asmanda aýnasy çat açdy

Russiýanyň awiakompaniýasynyň uçarynyň asmanda uçuş wagty maňlaý aýnasy çat açdy. Bu barada Aviaincident Telegram-ýaýlymyna salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

Boeing 737-800 uçary Çelýabinskiden Moskwa uçdy. Uçarmanlar alyn aýnanyň daşky gorag gatynyň jaýryk atandygyny gördüler. Emma ýagdaýa garamazdan, olar yza — Uralyň paýtagtyna dolanman, uçuşy dowam etdiler. Uçarmanlar betbagtçylyk barada habar bermän, birnäçe sagatdan soňra sag-aman Moskwanyň Şeremetýewo halkara howa menzilinde gondular.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň çäginiň 70 göterimden gowragyny gar örtdi
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň Iň Gowy 100 Portunyň Arasynda 4 Türk Porty Ýer Aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny