Moskwa — Aşgabat aralygyna göni howa gatnawlary dikeldildi

Moskwa — Aşgabat aralygyna göni howa gatnawlary dikeldildi

Şu gün uzak arakesmeden soň Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda yzygiderli howa gatnawy dikeldildi.

Türkmenistan awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçary Moskwa wagty bilen sagat 10:55-de Domodedowodan uçup, 3 sagat 20 minutdan soň Aşgabat şäherine gondy.

Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda göni howa gatnawynyň COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda kesilendigini ýatladýarys.

2022-nji ýylyň tomsunda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda howa gatnawy dikeldildi, emma Moskwadan gaýdan uçarlar şu güne çenli Aşgabada däl-de, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde gondy.

2022-nji ýylyň dekabryndan Türkmenistan awiakompaniýasynyň Maýn boýundaky Frankfurtdan (Germaniýa, öň Türkmenabat howa menziline gonan), Stambuldan (Türkiýe) we Dubaýdan (BAE) uçan uçarlary Aşgabat şäherine ugrukdyryldy. Ozal Türkmenistan awiakompaniýasynyň Dubaýdan gaýdan uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline, Stambuldan uçan uçarlary bolsa Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde kabul edildi.

Moskwa bilen Aşgabatyň arasynda uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. T5 704 reýs çarşenbe güni sagat 00:15-de Moskwadan ugraýar we 06:05-de Aşgabada gonýar. Anna güni T5 710 reýs Moskwadan sagat 10:35-de uçup, 16:25-de Aşgabada gonýar. Türkmenistan bilen Moskwanyň wagt tapawudy iki sagat. Uçuş tertibi üýtgedilip bilner.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar
Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar
8 günlügine kosmosa gitdiler, haçan geljekleri belli däl
Täze ýolagçy uçary gelip gondy
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi