Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýar

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýar

Şu gün Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Aşgabada döwlet sapary bilen geldi. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew we beýleki resmi adamlar türkmen myhmansöýerliginiň däpleri esasynda garşy aldylar.

Mongoliýanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu döwlet sapary 1992-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri, iň ýokary derejedäki ilkinji sapardyr.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň Aşgabada bu sapary Mongoliýanyň Türkmenistan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ykdysady hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler we birnäçe resminamalara gol çekiler. Şeýle-de mongoliýaly wekiliýet ertir Aşgabatda geçirilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara foruma gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DÖWÜRLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ÖZARA ARABAGLANYŞYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY ATLY HALKARA FORUMYŇ JEMLEÝJI RESMINAMASY
Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum başlandy
Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Aşgabada geldiler
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň duşuşygy boldy
Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama