Mongoliýanyň Prezidenti Stambulyň Taryhy Ýerlerine Baryp Gördi

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagin Hürselsük, Stambulda Topgapy köşgüne we Aýasofiýa Kebir metjidine baryp gördi.

Mongoliýadan prezident derejesinde 21 ýyl soň ilkinji sapary guran Uhnagin Hürselsük Stambuldaky taryhy we syýahatçylyk ýerlerine baryp gördi.

Myhman Prezidente, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý ýoldaşlyk etdi.

Topgapy köşgüniň başlygy İlhan Kojaman, Mongoliýanyň prezidentine köşkde sergilenýän taryhy eserler hakynda maglumat berdi.

Myhman Prezident Topgapy köşgünden soň Aýasofiýa Kebir metjidine hem baryp gördi.

Ýene degişli makalalar

Bu krizisiň ady wyjdan krizisi"
“Turksat 6A” -nyň ilkinji synag ýaýlymy üstünlikli tamamlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Mustafa Ali Mehmet
Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy