Mongoliýanyň köp ýerini garly harasat basdy diýip, Monsame habarlar gullugyna salgylanýan Inform.kz ýazýar.
Howa maglumaty gullugynyň çaklamalaryna görä, ýurduň çäginiň köp ýerini, şol sanda Dundgow, Gowsumber, Hentiý, Suhbaator, Dornogow we Dornod aýmaklarynda golaý wagtda tizligi sekuntde 24 metre ýetýän şemal gatyşykly gar ýagar.
Şunuň bilen baglylykda, sürüjilere Ulan-Bator Ondurhan Baruun-Urt ugurlary boýunça sapardan saklanmak maslahat berildi.