Mongoliýada ýazky daşgynlaryň bolup biljekdigi barada duýduryş çap edildi

Mongoliýada ýazky daşgynlaryň bolup biljekdigi barada duýduryş çap edildi

Mongoliýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet edarasy ýazky daşgynlaryň bolup biljekdigi baradaky duýduryşy çap etdi. Bu hakynda Sinhua habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by saýty ýazýar.

Resmi habarda ýurduň paýtagtynyň käbir etraplarynda, aýratyn hem Tuul we Selbe derýalarynyň boýunda suwuň derejesiniň golaýlap gelýän ýaz daşgynlary sebäpli kadadan ýokarlanyp biljekdigi bellenýär.

Şunuň bilen baglylykda, ady tutulan edara Ulan-Batoryň derýalaryň we kölleriň golaýynda ýaşaýan ilatyny ätiýaçlylyk çärelerini görmäge çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi
Braziliýadaky suw süýşgünlerinde 33 adam dereksiz ýitdi
Malaýziýada 6,5 müňden gowrak adam sil joşmasy sebäpli öýsüz galdy
Hindistanda dini çäre wagty 300 adam iýmit zäherlenmesinden ejir çekdi
Türkmenistanyň ilçisi Belarusyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi
Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi