Dünýäde pul geçirimlerini amala aşyrýan “MoneyGram” ulgamy “stablecoin” kriptopullaryny hem geçirmäge mümkinçilik döreder.Daşary ýurtlara kriptoullary geçirmek hyzmatyny hödürlemek üçin “Stellar” şereketi bilen hyzmatdaşlyk ediler. “Ripple” kompaniýasynyň ozalky hyzmatdaşlarynyň biri bolan amerikan “MoneyGram” şereketi pullary gysga wagtda beýleki ýurtlara ibermek hyzmatyny hödürlär. Şeýle hem kompaniýa “Blockchain” esasly emläklere hem ähmiýet berýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Aleks Holmes kripto “dünýäsi” bilen adaty maliýe ulgamynyň arasynda “köpri” gurmagy maksat edinýändiklerini aýtdy. Şeýle hem Holmes geljekde “Blockchain” tehnologiýasynyň ähli mümkinçiliginden peýdalanylmalydygyny aýtdy.Holmes sanly pul ulgamyna ynam bildirýändigini belledi.
Bibihatyja Täşliýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby