Uilýam Şekspiriň meşhur: Romoe bilen Julýetta barada hekaýatdan hasratly hekaýat ýok -diýen pikirine garşy çykasyň gelip dur. Bar, onda-da nähili hekaýat diýsene, has takygy dessan -- Leýli-Mejnun dessany. Romoe bilen Julýetta söwerini ýitirensoň yzly-yzyna panyny terk edýärler. Ýöne Leýlidir Mejnun welin uzak wagt jebir çekip, bir-birege söýgüsini, wepasyny her gün, her durmuş öwrümlerinde subut etmeli bolýarlar.
Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň sahnasynda adybir dessan esasynda goýlan spektaklyň premýerasy boldy. Ony Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow sahna diline geçiripdir.
Oýun goýujy režisýor Urmatkan Meläýewa pajygaly söýgi taryhyny çeper tilsimlerde beripdir. Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejebowyň döreden sazy özboluşly režisýorlyk tilsiminiň göwrümli saz bezegini has-da nygtaýar. Gahrymanlaryň orta asyrlara kybap owadan lybaslary olaryň her bir hereketini, garaýşyny, gahrymanlaryň gözlerinden okalýan duýgylar söhbetini nagyşlap, oýnuň dargynlylygyna sazlaşykly utgaşýardy...
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Durdy Öwezdurdyýewiň we Myrat Batyrowyň arthaus usulynda döreden sahna bezegi eseriň ýordumyna çeper täzeçillik, ýumşakdan ýeňil modern äheňlerini berdi.
Sahnany özboluşlylygy bilen dolduran atlas ýüpler çäge ulgamlary bilen gurşalan hyýaly gündogar şäherini ýatladýardy. Garşylykly reňkleriň we yşyklaryň ýerlikli ulanylmagy onuň çeperligini hasam güýçlendirýär.
Çary Amandurdyýew (Mejnun), Şeýda Gurbanowa (Leýli), Leýla Rüstemowa (Mejnunuyň ejesi), Gülnur Hojamuhammedowa (Leýliniň ejesi) we beýleki aktýorlar režisýoryň konsepsiýasyny ussatlarça ýerine ýetirdiler.
Dünýä belli dessany artistleriň ýaş nesliniň özboluşly ýerine ýetirmegine tomaşaçylar ýokary baha berdiler.