Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň sanawynda

Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň sanawynda

Ynsan gatnaşyklarynyň gülküli pursatlaryny beýan edýän we täsir edijilik güýje eýe bolan gülküli-ýumorly, kyssa görnüşinde döredilen şorta sözler halk döredijiliginiň giň ýaýran görnüşleriniň biridir. Halk arasynda il içinde tanalýan adamlar baradaky şorta sözler has meşhurdyr. Şolaryň biri hem Hoja Nasyreddin Ependi bilen baglanyşykly şorta sözlerdir.

Hoja Nasreddin Ependi şorta sözüň ussady, meşhur şahsyýetleriň biridir.Ol halk arasynda Ependi ady bilen giňden tanalýar.Ependiniň şorta sözleri halkymyzyň arasynda örän meşhur.Ependiniň özi bolsa gülküniň soltany diýip atlandyrylýar.

Onuň bilen baglanyşykly şorta sözlerde adam gatnaşyklary, ynsanlaryň durmuşda özlerini alyp baryşlary baradaky çuň garaýyşlar beýan edilýär.Ependiniň ady bilen baglanyşdyrylýan şorta sözlerde gülküniň üsti bilen durmuşdaky ýaramaz häsiýetler, endikler gülküniň üsti bilen ýazgarylýar, paş edilýär. Şeýle bolansoň Ependiniň şorta sözleriniň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr.

Ependi bilen baglanyşykly şorta sözlerde belli bir derejede Ependiniň maşgala durmuşy suratlandyrylýar. Ependiniň maşgala durmuşy bilen baglanyşykly şorta sözleri hem halk durmuşynyň bir ülşüdir. Ependi hut öz maşgalasynyň mysalynda bütin durmuşy wakalary, adam gatnaşyklaryny we häsiýetlerini açyp görkezýär. Maşgalasy onuň şorta sözleriniň daýanç nokady bolup hyzmat edýär.

Ependi halkyň öz içinden çykan halk durmuşyna juda belet adam.Onuň şorta sözleriniň häsiýetli aýratynlygy gülküniň üsti bilen ýaramaz endikleri açyp görkezmek.Ol şorta sözlerde gysgançlyk, ulumsylyk, ýalançylyk ýaly ýaramaz häsiýetleriň üstünden gülünýär.

Gowy häsiýetler taryp edilýär.Ependi muny örän ussatlyk bilen başarýar.Ependi bilen baglanyşykly şorta sözler ony halk pedagogikasynyň ussady derejesine çykarýar.Degişmeleriň esasy gahrymany Ependiniň özüdir.

Onuň şahsy mertligi, gaýratlylygy, ugurtapyjylygy, bir sözlüliligi her bir ynsan üçin nusgalykdyr.

Ependiniň ýaragy gülki. Bu beýik ynsanyň ruhy-ahlak häsiýetli we ündewli şorta sözleriniň ömri uzyn. Olarda bütinadamzada degişli gymmatlyklar bar. Ol şorta sözler ynsanlary güldürýär, oýlandyýar, alymlarymyzyň belleýşi ýaly durmuşyň belli-belli taraplaryna akyl ýetirmäge ukyplandyrýar. Onuň adaty durmuş gatnaşyklaryny suratlandyrýan şorta sözleri durmuşylygy, çeperçilik taýyndan kämilligi bilen ýokary ahlakly şahsyýeti-Ependiniň öz keşbini, kimligini orta çykarýar.

Ependi halk gahrymany, gülküniň soltany, adalaty dabaralandyryjy, ýagşylyga ündeýji, adamlary ruhlandyryjy güýçli şahsyýet.Ol halkyň howandary, hossary.Ol gülküniň üsti bilen adalaty dabaralandyrýar.Hoja Nasyreddin Ependiniň ady bilen baglanyşykly şorta sözler türki halklaryň arasynda iň bir islegli eserlerdir.

Ol türki halklaryň arasynda, türklerde Hoca Nasreddin Efendi, türkmenlerde Molla Ependi, gazak, garagalpak halklarynda Koža Näsrettin diýen ýaly atlar bilen giňden tanalýar.Nusgawy şahyrlarymyzyň, taryhy şahsyýetlerimiziň sarpalanýan zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe terbiýeçilik ähmiýetli şorta sözleri bilen ynsanlary ruhlandyryp gelen Molla Ependiniň we onuň şorta sözleriniň halkara abraýy has-da artdy.

Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi atly köptaraplaýyn hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Milli mirasymyz türkmen paýhasynyň döreden gymmatlyklarydyr. Olar naýbaşydyr, nusgalykdyr, umumadamzat ähmiýetlidir. Halk mirasynyň iň görnükli nusgalarynyň bütin dünýäde dabaralanmagy ugrunda bimöçber işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleri baky dowam we asyrlara rowan bolsun.

Ýene degişli makalalar

Nasreddin Hoja Ependiň bütin dünýäde ýakyndan tanalýandygyny bilýäňizmi?
Türkmenfilm Ependi atly çeper filmi surata düşürýär
Nasreddin Hoja Ependä Bagyşlanan Ýörite Gepleşik
TÜRKSOÝ tarapyndan Türkmenistanda Ependi hakynda çeper film surata düşüriler
NUSGALYK GYMMATLYKLARYMYZ ÝUNESKO-nyň SANAWYNDA
Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi