Moldowanyň prezidenti Türkmenistanyň prezidentine orden gowşurdy

16-njy sentýabrda, Aşgabada Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşamaga gelen moldowan prezidenti Igor Dodon Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Moldowanyň ýokary döwlet sylagyny “Respublika ordenini” gowşurdy.

“Respublika ordeni” (Moldowa)

TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, Dodon sylagy gowşuryp, şeýle diýdi:

Çuňňur hormalanylýan jenap prezident! Maňa moldowan halkynyň adyndan, Moldowa Respublikasynyň adyndan, biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ösdürmekde alyp barýan giň gerimli işleriňiz üçin Size çäksiz minnetdarlygyny bildirmäge rugsat ediň. Moldowanyň halky Size käbir sosial problemalary çözmekde eden kömegiňiz üçin örän minnetdar. Çuňňur hormatyň we biziň dostlugymyzyň nyşany hökmünde moldowan halkynyň adyndan ýurduň iň ýokary sylagyny kabul etmegiňizi soraýaryn.

Moldowanyň baştutany prezident Berdimuhamedowa Gagauziýa awtonom respublikasynyň Wulkaneştks raýonynyň Çişmiköý obasynda gurlan “Dostluk” çagalar bagy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

10.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
16.09.2017 | Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy
Türkmenistan Moldowada çagalar bagyny gurdy
Moldowada Türkmenistanyň gurup beren çagalar bagy açyldy
17.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen moldowan obasynda gurlan çagalar bagy açyldy