Moldowanyň Prezidenti türkmen ilçisini kabul etdi

Moldowanyň Prezidenti türkmen ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Ukraina Respublikasyndaky (Kiýew şäheri), şol bir wagtda Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew 7-nji aprelde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sanduwa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Moldova news Noi.md. habar berýär.

Duşuşykda taraplar iki halkyň özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ýurtlaryň syýasy gepleşikleri yzygiderli güýçlendirmek we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek isleglerine ünsi çekdiler.

***

Şol gün türkmen diplomaty Moldowanyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýa ministrliginiň Döwlet sekretary Ruslan Bolboçan bilen hem duşuşdy. R.Bolboçan türkmen diplomatyna jogapkärli wezipesinde üstünlik arzuw etdi we garamagyndaky ministrligiň doly goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Diplomatlaryň duşuşygynda energetika pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplar bu ugurda bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge gyzyklanmalaryny we taýýarlyklaryny mälim etdiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, ilçi T.Ataýew Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýul aýynda gol çeken resminamasy bilen bellenilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli kärdeşi Jozef Baýden gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
2023-nji ýylyň Älem gözeli
Netanýahu: "Ysraýyl ABŞ-nyň iň güýçli ýarany" diýdi
Zelenskiý: "Uruş biz ýeňiş gazanan mahalymyz gutarar" diýdi
Uruş Biz Üstün Çykanymyzda Gutarar