Moldowanyň Premýer-ministri Ion Çiku Hökümet baştutany wezipesinden aýrylýandygyny yglan etdi

Moldowanyň Premýer-ministri Ion Çiku Hökümet baştutany wezipesinden aýrylýandygyny yglan etdi

Moldowanyň Premýer-ministri Ion Çiku Hökümet baştutany wezipesinden aýrylmaklyk kararyna gelendigini habar berdi.

Şu ýylyň 15-nji noýabrynda Modowada geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Maýa Sandunyň ertir resmi taýdan işe başlamazyndan ozal ýurduň Premýer-ministri Ion Çiku Hökümet baştutany wezipesinden aýrylýandygyny metbugat ýygnagynda habar berdi.

Saýlawdan soň eden çykyşynda Maýa Sandu halkyň täze Prezident bilen bilelikde täze Hökümetiň hem işe başlamagyny isleýändigini, hut şu nukdaýnazardan-da Moldowanyň häzirki Hökümetiniň işden aýrylmalydygyny we adatdan daşary parlament saýlawlarynyň geçirmelidigini aýtdy. Şonuň üçin hem şu gün Moldowanyň häzirki Premýer-ministri Ion Çiku özüniň we Hökümetiniň işden aýrylýandygyny mälim etdi. Çiku Hökümeti 2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda döredilipdi.

Çiku Moldowa Hökümetine ýolbaşçylyk eden ýyllarynda bile işleşen egindeşi, Prezident Igor Dodona minnetdarlyk bildirdi.

Sandu 15-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda 57,75 göterim ses alyp, täze Prezident saýlandy. Sandu ertir geçiriljek kasam kabul ediş dabarasy bilen resmi taýdan işe başlar.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Gresiýa reaksiýa bildirdi
Milli Goranmak Ministri Akar Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär
Salehi: Iň ösen rak keselini bejermek merkezi ýakyn wagtda Eýranda açylar
Hyundai üçegi Gün batareýaly elektrik ulagyny tanyşdyrdy
“Hyundai” täze elektroulagyny tanyşdyrdy
Bilýärdiňizmi? Türkmenistanyň futbol çempionatynda bir toparda iň uzak wagtlap saklanan 7 futbolçy