Gagauz hat ýazuwynyň we diliniň baýramy Ana dilimiz diýen at bilen her ýyl Moldowada bellenýär. Ol Injili gagauz diline terjime eden dindar Mihail Çakiriň doglan gününe gabatlanýar. Munuň bilen baglylykda, ýurduň Parlamentinde Awtonom birligiň medeniýetiniň sergisi açyldy diýip, MIR 24 ýazýar.
Gagauzlar Moldowanyň günortasynda ýaşaýar, olaryň sany 250 müňe golaýdyr. Alty ýyl mundan öň gagauz dilini goramak boýunça kanun kabul edildi. Indi mekdeplerde surat we el işleri sapaklary gagauz dilinde geçirilýär.
Biz— gagauzlar öz dilimizi, medeniýetimizi we däp-dessurlarymyzy goramaga we geljek nesillerimize geçirmäge borçludyrys. Sebäbi biz ony öz ata-babalarymyzdan miras aldyk diýip, Awdarma obasynyň taryhy ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Ýelena Karamit gürrüň berýär.
Gagauzlar bu gün dürli ýurtlarda: Kanadada, Braziliýada, Rumyniýada we beýleki ýerlerde ýaşaýarlar. Russiýada gagauzlaryň on müňden gowragy bar.