Moldowada Hökümete Garşy Ýöriş Geçirildi

Moldowada Hökümete Garşy Ýöriş Geçirildi

Moldowanyň paýtagty Kişinewde müňlerçe adamyň gatnaşmagynda hökümete garşy protest ýörişi geçirildi.

Moldowanyň Parlamentinde wekilçilik edýän Şor partiýasy tarapyndan geçirlen ýörişe gatnaşan müňlerçe adam, paýtagtda Beýik Millet mejlisi meýdanyna we hökümet binasyna tarap ýöredi.

Howpsuzlyk güýçleri bilen protestçylaryň arasynda wagtal-wagtal dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Ýurduň beýleki şäherlerinden paýtagta geçirlen ýörişlere gatnaşmak üçin awtobuslar bilen getirlen raýatlaryň şähere girmegine rugsat berilmedi.

Protstde tebigy gazyň, elektrik togunyň we beýleki hatyrlaryň nyrhlarynyň artdyrlandygy sebäpli hökümete garşy şygarlar aýdyldy.

Moldowa Respbulikasynyň Gagauz Awtonomiýasynda hem protest ýörişleri geçirildi.

Moldowanyň Içeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, ýörişlerde 54 adamyň saklanandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Moldowanyň Parlamentinde Gagauz hat ýazuwyna we diline bagyşlanan sergi açyldy
Hakas Türkçesi
Fuýu Türkçesi
Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi