Moldowada 11 dalaşgär hasaba alyndy

20-nji oktýabrda Moldowada geçiriljek Prezident saýlawlary bilen baglanyşykly 11 dalaşgär hasaba alyndy. Bu barada Moldowanyň Merkezi saýlaw komissiýasy habar berdi. Prezidentlige bellige alnan dalaşgärleriň dördüsi zenan. Bular Moldowanyň häzirki Prezidenti Maýýa Sandu, Gagauziýa awtonom territorial bölüminiň öňki başlygy Irina Wlah, žurnalist Natalýa Moral, öňki prokuror Wiktoriýa Furtune.

Prezidentlige dalaşgärleriň arasynda 2019-2021-nji ýyllarda ýurduň prokurory bolup işlän Aleksandr Stoýanoglo, öňki häkim Renato Usatyý, öňki Premýer-ministr Wasiliý Tarlow, Ion Kiku we beýlekiler bar. Häzirki wagtda prezidentlige dalaşgärleriň saýlaw kampaniýasy dowam edýär. Hiç bir dalaşgär sesleriň 50 göteriminden gowragyny almasa, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler.

Şeýle hem, prezident saýlawlary bilen bir hatarda Moldowanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy barada sala salyşyk hem geçiriler. Konstitusiýa laýyklykda, Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň ygtyýarlyk möhleti dört ýyl dowam edýär we kasam kabul edilen gününden başlap, indiki saýlanan Prezident kasam edýänçä dowam edýär. Moldowanyň häzirki Prezidenti Maýýa Sandu 2020-nji ýylyň 24-nji dekabrynda kasam kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Sandu birinji tapgyrda öňdeligi eýeledi
Sandu öňde barýar
Mewlüt Çawuşogly ADF-nyň çäginde köp sanda duşuşyklar geçirýär
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri...
Prezident Erdogan Irina Wlahy kabul etdi
Türk Daşary işler ministri daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirmäge dowam edýär