Moldawiýanyň Hökümet başlygy Dorin Reçan raýatlary barha güýçlenýän yssy howa bilen baglylykda, suwy tygşytly ulanmaga çagyrdy. Ol bu barada çarşenbe güni geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy diýip, RIA Nowosti ýazýar. Öň Moldawiýanyň döwlet howa maglumaty gullugy 12-17-nji iýulda ýurduň çäginde yssy howa howplulygynyň gyzyl derejesi barada duýdurdy. Respublikanyň käbir ýerlerinde howanyň temperaturasy Selsiý boýunça 52 gradusy görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurtda tokaý ýangynlarynyň döremek howpy hem-de ilatyň suwy tygşytlamagyny talap edýän derýalarda suwuň derejesini peseljekdigi duýdurylýar.