Mohammad Faýazi ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesini tamamlady

Mohammad Faýazi ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesini tamamlady

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF-niň) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýaziniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Ministr Mohammad Faýazini ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesini üstünlikli tamamlamagy bilen gutlady we minnetdarlyk bildirdi hem-de geljekde üstünlikli, netijeli işleri arzuw etdi.

Diplomatlar häzirki zaman meselelerini we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Mundan başga-da, taraplar ileri tutulýan ugurlary hökmünde çagalaryň bähbidi üçin dolandyryş, çagalaryň saglygy, iýmitlenmegi we irki ösüşi, çagalaryň durmuş goraglylygy we ýokary hilli bilim ýaly ugurlar kesgitlenilen ÝUNISEF-iň we Türkmenistanyň hökümetiniň 2021- 2025-nji ýyllar üçin Ýurt meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere seretdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň saglygyny dikeltmäge mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermekde alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellendi

Duşuşygyň ahyrynda M.Faýazi şu ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk edýän diplomatik missiýasynyň üstünlikli işinde berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kompaniýalary “F-Istanbul” sergisine gatnaşarlar
Türkmenistan we Russiýa ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklary giňledýärler
02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa strategiki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşdylar
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
MFT kompaniýasy miwe suwlarynyň we gaplanan gök önümleriň eksportyny artdyrýar