23-nji noýabrda Owganystan boýunça maslahatyň çäklerinde onlaýn görnüşinde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Döwlet we hökümet, şeýle-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşan duşuşygynyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons we beýleki köpsanly ýokary derejeli wekiller çykyş etdiler.
Gatnaşyjylar Owganystanda hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy we saklanylmagy, şol sanda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi babatyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Öz çykyşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüş meselesinde sebitleýin hyzmatdaşlyk meselesini, şeýle-de durmuşa geçirilýän iri göwrümli ykdysady taslamalaryň çarçuwasynda Aziýa yklymynyň ösüş mümkinçilikleriniň aýratyn ähmiýetini nygtady.
Ol howpsuzlyk, şeýle-de inklýuziw ýol kartasynyň işlenilip düzülmeginiň meselelerine hem aýratyn üns berdi.Prezident iş ýüzünde utgaşykly özara hereketler arkaly ýol, ulag, kommunikasiýa we energetika infrastrukturasynyň dikeldilmeginiň derwaýys ähmiýetini belläp geçdi.
Hususan-da, OYR-nyň ýolbaşçysy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş ýoluna düşmeginde berýän saldamly goşandy babatynda Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.Aýratyn hem owgan halkynyň mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň berýän ýardamy aýratyn bellenilip geçildi.